RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
7 Maý

BEÝIK ÝEŇŞIŇ ESGERLERI: SOWET SOÝUZYNYŇ GAHRYMANY TÄÇMÄMMET NYÝAZMÄMMEDOW

Beýik Watançylyk urşunda gazanylan ýeňşiň 76-ýyllygynyň öň ýanynda köp neşirler Beýik Ýeňşiň esgerleri barada ýatlamalary çap edýärler. Şolaryň biri, biziň ildeşimiz Täçmämmet Nyýazmämmedowyň ykbaly hakda Pawel Žukow rus dilindäki «Камертон» edebi we taryhy žurnalda çap edilen makalasynda şeýle gürrüň berýär.  Täçmämmet Nyýazmämmedow Beýik Watançylyk urşunyň gowgaly meýdanlarynda bary-ýogy bir ýyl söweşdi. Ýöne şol gysga wagtda batyr türkmen ýigidi Sowet Soýuzynyň Gahrymany diýen belent ady a...

DOWAMY
pic
7 Maý

BILIM WE YLYM ULGAMYNDA TÜRKMEN-ITALÝAN HYZMATDAŞLYGYNY GIŇELTMEK MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2021-nji ýylyň 6-njy maýynda Türkmenistanyň Italiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi T.Kömekowyň Italiýa Respublikasynyň Uniwersitetler we barlaglar ministri Kristina Messa bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň çäklerinde taraplar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2019-njy ýylyň noýabrynda Italiýa Respublikasyna bolan saparynyň dowamynda ýetilen ylalaşyklaryň amala aşyrylyşyny,  şeýle-de iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda gol çekilen hyzma...

DOWAMY
pic
7 Maý

ONLAÝN-DUŞUŞYGA GATNAŞYJYLAR ÝURTDA TELEKEÇI-OMBUDSMAN INSTITUTYNY DÖRETMEGI MASLAHATLAŞDYLAR

?Merkezi Aziýada howpsuz migrasiýa» taslamasynyň çäginde ýurtda telekeçileriň hukugyny goramak boýunça ygtyýarly wekiliň, ombudsmanyň wezipesini döretmek barada webinar geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň hemaýat bermeginde ABŞ-nyň halkara ösüş Agentligi (USAID) we BMG-niň neşekeşlige we jenaýatçylyga garşy göreş Müdirligi tarapyndan guraldy. Ykdysadyýetde hususyýetçiligi berkitmekdäki milli strategiýa bilen baglanyşykly telekeçi-ombudsman institutynyň döredilmegi ha...

DOWAMY
pic
6 Maý

TÜRKMENISTANYŇ WE UKRAINANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIKLERINIŇ ARASYNDA SYÝASY GEŇEŞMELER

2021-nji ýylyň 6-njy maýynda Türkmenistanyň we Ukrainanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.G.Mätiýew, ukrain tarapyna bolsa Ukrainanyň Daşary işler ministriniň orunbasary E.W.Ýenin ýolbaşçylyk etdi. Türkmenistanyň we Ukrainanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda 2020-2021-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk Maksatnamasynyň çäklerinde guralan geňeşmeleriň barşynda tar...

DOWAMY
pic
6 Maý

MHG-NIŇ TÜRKMENISTANDAKY WEKILHANASY MIGRANTLARY HASABA ALÝAN ELEKTRON GOLLANMALARY TEKLIP EDÝÄR

Migrasiýa boýunça Halkara guramasynyň Türkmenistandaky Wekilhanasy ýurduň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk gulluklarynyň işgärleri üçin onlaýn-maslahat gurady. Bu maslahat “СOVID-19 pandemiýasynyň Merkezi Aziýadaky we Russiýa Federasiýasyndaky migrantlara, jemagat toparlaryna ýetiren ykdysady täsirini gowşatmak” atly sebit taslamasynyň çäginde geçirilip, ösüş we hyzmatdaşlyk boýunça Şweýsariýa agentligi tarapyndan maliýeleşdirilýän tapgyry jemleýär. Internetüsti gur...

DOWAMY
pic
6 Maý

TELEFON SÖHBETDEŞLIGIŇ BARŞYNDA TÜRKMEN-TÄJIK HYZMATDAŞLYGYŇ IŞJEŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

Şu gün 5-nji maýda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Mereowdyň Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministri S.Muhriddin bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi. Söhbetdeşligiň barşynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň işjeň meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, iki döwletiň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy maslahatlaşmalary geçirmegiň mümkinçiliklerine seredildi. Taraplar şeýle-de 2021-nji ýylda Hökümetara toparyň mejlislerini geçirm...

DOWAMY
pic
6 Maý

TÜRKMEN TALYPLARY HALKARA INTERNET-OLIMPIADADA 31 SANY ALTYN MEDAL GAZANDYLAR

31 ýeňiji we 95 baýrakçy – bular Türkmenistanyň wekilleriniň Powolžýäniň Döwlet tehnologik uniwersiteti (Ýoşkar-Ola şäheri, Mariý El Respublikasy, Russiýa Federasiýasy) tarapyndan guralan Açyk halkara talyplar internet-olimpiadasynyň iki tapgyryna gatnaşmaklarynyň netijesidir. Olimpiada Russiýanyň, Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Belarusyň we Sloweniýanyň 205 sany ýokary okuw jaýlaryndan üç müňden gowrak talyp gatnaşdy.  Talyp biliminiň gözden geçir...

DOWAMY