RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
4 Maý

TÜRKMENISTANYŇ WE GYRGYZ RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERI TELEFON ARKALY IKITARAPLAÝYN GATNAŞYKLARY ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR

Şu gün, 4-nji maýda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministri Ruslan Kazakbaýew bilen telefon gepleşigini geçirdi. Söhbetdeşligiň barşynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.   Ministrler Türkmenistanyň we Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeleriň işjeňleşdirilmeginiň zerurlygyny nygtadylar. Taraplar şeýle-de hyzmatdaşlygyň anyk ugurlary b...

DOWAMY
pic
4 Maý

TÜRKMENBAŞY WE MAHAÇGALA PORTLARYNYŇ ARASYNDA PAROM GATNAWYNY AÇMAK GÖZ ÖŇÜNDE TUTULÝAR

Mahaçgalanyň deňiz söwda porty (MDSP) ýakyn geljek üçin öz wezipesini kesgitledi. Olaryň arasynda: Türkmenistan bilen awtoulag we demirýol parom gatnawyny ýola goýmak, şeýle hem jahankeşdelik deňizçiligi üçin düzümleýin amatlyklaryny döretmek bar.  “Mirmol” neşiriniň Dagystan Respublikasynyň ulag ministrliginiň ýolbaşçysy Şiruhan Gajymyradowa salgylanyp berýän habaryna görä, 2020-nji ýylda Mahaçgala deňiz porty 4,7 million tonna ýüki üstünden geçiripdir, bu bolsa 2019-njy ýyldakydan 3% köpdür...

DOWAMY
pic
4 Maý

DAŞARY IŞLER MINISTRI UKRAINANYŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇISINI KABUL ETDI

2021-nji ýylyň 4-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ukrainanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Wiktor Maýko bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygynyň wajyp meseleleri we öň gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilşi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şu nukdaýnazardan, giň gerimli ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine gönükdirilen iş ýüz...

DOWAMY
pic
4 Maý

KÖPRÖWÜŞ KÜŞTDEPDI: GADYMDAN GELÝÄN MÜDIMI ÝAŞ TÜRKMEN TANSY

Bütin dünýäde her ýyl 29-njy aprelde Halkara tans güni bellenilýär. Öz köküni müňýyllyklardan alyp gaýdýan küşdepdi tansy gadymy däpleriň häzirkizaman sungaty bilen sazlaşygyny görkezýär. 1871-nji ýylda rus ekspedisiýasynyň hatarynda biziň ýurdumyza gelen syýahatçy S.A. Gunaropulo özüniň «Türkmen ilinde» atly kitapçasynda türkmen halkynyň özboluşly milli tansy - küştdepdi hakda ýazýar. Sungaty öwreniji alymlaryň pikirine görä, tansyň ýerine ýetirilişi – halka gurap aýlanýan oglan-gyzlaryň...

DOWAMY
pic
4 Maý

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE ÝHHG-NYŇ AŞGABATDAKY MERKEZINIŇ BAŞLYGY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

Şu gün, 4-nji maýda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň özüniň ÝHHG-nyň Aşgabatdaky Merkeziniň Başlygy wezipesinde Türkmenistandaky işini tamamlaýan Ilçi Natalýa Drozd bilen duşuşygy geçirildi. Türkmenistanda ÝHHG-nyň Aşgabatdaky Merkezi bilen bilelikdäki maksatnamalaryň we taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň derwaýyslygy bellenilip geçildi. Mälim bolşy ýaly, her ýyl Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan ÝHHG bilen ylalyşykda Ýörite meýilnama kabul edilýär, onda ÝHHG-...

DOWAMY
pic
4 Maý

AŞGABAT KINOFILMLERDE: TÜRKMEN PAÝTAGTYNYŇ 140 ÝYLLYGYNA FILMLERIŇ HEPDELIGI

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» Birleşiginiň işgärleri Aşgabadyň ýubileýine özboluşly sowgat taýýarladylar. Olar paýtagtymyzyň keşbi görkezilýän ozalky ýyllaryň we häzirki döwrüň filmlerini saýladyrlar. Baýramyň öň ýanynda tomaşaçylara haýalan kinofilmleri görkeziler. Görkezilişe 1958-nji ýyldan biziň günlerimize çenli Aşgabadyň keşbini görkezýän 11 film saýlanyldy. Olardan iň irkisi režisýorlar Han...

DOWAMY
pic
4 Maý

TÜRKMEN-ÖZBEK GATNAŞYKLARYNYŇ DERWAÝYS UGURLARY TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIGIŇ BARŞYNDA ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2021-nji ýylyň 4-nji maýynda Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministrleri R.Meredowyň hem-de A.Kamilowyň arasynda telefon arkaly gepleşik geçirildi. Şöhbetdeşligiň barşynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň derwaýys ugurlary boýunça pikir alyşdylar. Şunlukda, şu ýylyň 29-njy aprelinde Aşgabatda geçirilen Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentleriniň duşuşyklarynyň dowamynda berilen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişine aýratyn ähmiýet berildi. Şu nu...

DOWAMY