SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTAN GENDER DEŇLIGI MESELELERI WE AÝALLARYŇ HUKUKLARYNY WE MÜMKINÇILIKLERINI GIŇELTMEK BOÝUNÇA BMG-NIŇ EDARASYNYŇ ÝERINE ÝETIRIJI GEŇEŞINIŇ AGZALYGYNA SAÝLANDY
2021-nji ýylyň 20-nji aprelinde Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň (ECOSOC) nobatdaky mejlisiniň barşynda Türkmenistan Gender deňligi meseleleri we aýallaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça BMG-niň edarasynyň (BMG-Zenanlar) Ýerine ýetiriji geňeşiniň 2022-2024-nji ýyllar döwri üçin agzalygyna saýlandy. “BMG-Zenanlar” BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýardam beriji edarasy bolup, ol BMG-niň ulgamynyň gender deňligi we aýallaryň hukuklaryny we mümkinçilikler...
OBA HOJALYGYNDA BAZAR GATNAŞYKLARY: SEBITLEÝIN NAZARÝET
Ähli welaýatlarda bolşy ýaly ýurdumyzyň demirgazygynda-da oba hojalyk önümçiligini özleşdirýän hususy öndürijileriň sany artýar. Oba hojalyk maksatly ýörite ýer gaznasyndan 99 ýyl möhlet bilen berilýän meýdanlary alýan şahsy we edara görnüşli taraplar barha köpelýär. Ruhubelent etrabynyň diňe «Zähmet» geňeşliginiň çäginde şertnama esasynda döwlet sargydyna goşulan ekinleriň önümçiligine girişen 39 sany täze daýhan hojalygynyň döredilmegi bu aýdylanlaryň mysalydyr. Olara umumylykda iki müň gek...
TÜRKMENISTAN BMG-NIŇ ÝEWROPA YKDYSADY KOMISSIÝASYNYŇ WISE-BAŞLYKLYGYNA SAÝLANDY
2021-nji ýylyň 20-21-nji apreli aralygynda Ženewada BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň (BMG ÝYK) 69-njy mejlisiniň duşuşygy geçirildi. Aýlawly ykdysadyýet we geljek iki ýylyň dowamynda onuň ugruny kesgitlemek ulgamynda öňdebaryjy tejribeleri alyşmak maksady bilen çäräniň işine BMG ÝYK-nyň gatnaşyjy-ýurtlaryň ministrleriniň we ministrleriň orunbasarlarynyň derejesindäki wekilleri gatnaşdylar. «Ýewropa ykdysady komissiýasynyň sebitinde aýlawly ykdysadyýetiň ösüşiniň we tebigy gorlaryň d...
TÜRKMENISTAN HOWANYŇ ÜÝTGEMEGINE GARŞY GÖREŞMEK BABATDA IŞJEŇ ORNY EÝELEÝÄR
2021-nji ýylyň 21-nji aprelinde ABŞ-nyň Prezidentiniň Howanyň üýtgemegi meseleleri boýunça ýörite wekili Jon Kerriniň çakylygy boýunça Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew howanyň üýtgemeginiň meseleleri babatda wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen tegelek stola gatnaşdy. Bu çäre dünýäniň onlarça döwletiniň ygtyýarlandyrylan wekilleriniň gatnaşmagynda şu ýylyň noýabr aýynda Glazgo şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän BMG-niň Howanyň üýtgemegi barada Çarçuwaly konwen...
GARA SEÝITLIÝEW: TÜRKMENISTANYŇ POEZIÝA ENSIKLOMEDIÝASY
Türkmenistanyň Halk ýazyjysy Gara Seýitliýew (1915-1971) meşhur şahsyýet diýlip atlandyrylmaga mynasypdyr. Onuň köptaraply döredijiligi milli edebiýatyň, kino we teatryň ösmegine uly täsirini ýetirdi. Şahyryň köp goşgularyna türkmen kompozitorlary saz dörtetdiler, şol aýdymlar awtoryň aradan çykanyna elli geçse-de, edil şu günlerem ýaňlanýar we diňlenilýär. häli-häzirem Gara Seýitliýew Bäherden etrabynda dogulýar. Onuň adyna Gara dakylmagy şol döwürleriň däp-dessury bilen bagly. Garaköl baga...
BILIM ULGAMYNDA TÜRKMEN-TÜRK ÖZARA HEREKETLERINIŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2021-nji ýylyň 20-nji aprelinde göni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasynda Bilim babatda hyzmatdaşlyk boýunça geňeşininiň üçünji mejlisi geçirildi. Wekiliýetlere Türkmenistanyň Bilim ministri Orazgeldi Gurbanow hem-de Türkiýe Respublikasynyň Milli bilim ministri jenap Ziýa Selçuk ýolbaşçylyk etdiler. Duşuşyga iki ýurduň degişli pudak edaralarynyň wekilleri hem gatnaşdylar. Gepleşikleriň barşynda medeniýet, bilim ulgamlarynda türkmen-türk özara hereketle...
ŽENEWADA PATENT HUKUGY HAKYNDAKY ŞERTNAMA GOŞULMAGY HAKYNDAKY GURALYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 19-njy aprelinde Ženewada Bütindünýä intellektual eýeçiligi guramasynyň (BIEG) ştab-kwartirasynda BIEG-nyň Baş direktory jenap Daren Tanga Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan gol çekilen Patent hukugy hakyndaky Şertnama (2000-nji ýyldaky) goşulmagy hakyndaky Guralyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Dabaranyň barşynda Ilçi, BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň hemişelik wekili A.Haljanow Türkmenistanyň abraýly halkara guramalary, hususan-da BIEG bilen işjeň gatn...