RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
13 Apr

MERKEZI AZIÝA ÝURTLARYNYŇ WE HYTAÝ HALK RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ ORUNBASARLARYNYŇ DUŞUŞYGY

2021-nji ýylyň 13-nji aprelinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň esasy maksady şu ýylda geçirilmegi meýilleşdirilýän “Merkezi Aziýa we Hytaý” formatynda ministrleriň derejesindäki ikinji mejlisine taýýarlyk görmekden ybarat. Duşuşykda türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýew ýolbaşçylyk etdi. HHR-nyň Daşary işler ministriniň orun...

DOWAMY
pic
13 Apr

TÜRKMENISTANDA BÜTINDÜNÝÄ SAGLYK GÜNI BELLENILDI

7-nji aprelde Türkmenistanda, asylly däbe görä, Bütindünýä saglyk güni bellenildi. Milli senenamamyzda orun alan bu halkara çärä bagyşlanyp, köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçirildi. Oňa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy. Milli Liderimiziň ýadawsyz aladasy bilen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bu sene ýurdumyzda täze mana eýe bolup, sagdyn hem-de işjeň durmuş ýörelgesiniň töwereginde müňlerçe adamy birleşdirdi. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, saglyk...

DOWAMY
pic
12 Apr

TÜRKMENISTANYŇ WE KATAR DÖWLETINIŇ SÖWDA-SENAGAT EDARALARYNYŇ WEKILLERINIŇ DUŞUŞYGY

Şu gün, 2021-nji ýylyň 12-nji aprelinde Türkmenistanyň we Katar döwletiniň Söwda-senagat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň arasynda duşuşyk geçirildi. Türkmen wekiliýetine Söwda-senagat edarasynyň başlygy D.Rejebow, katar tarapyna bolsa Söwda-senagat edarasynyň Başlygynyň birinji orunbasary Mohammad Bin Ahmad Al-Kuwari ýolbaşçylyk etdiler. Duşuşyga şeýle-de iki döwletiň energiýa, söwda, dokma we azyk senagaty, gurluşyk, oba hojalygy we beýleki pudaklar boýunça ýöriteleşdirilen döwl...

DOWAMY
pic
12 Apr

BIRŽA TÄZELIKLERI

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 37-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Türkiýäniň we Owganystanyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen nebit koksuny we gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny satyn aldylar. OYR-nyň wekilleri hem “Türkmengaz” döwlet konserniniň degişli kärhanalarynda öndürilen EKO-93 kysymly awtobenzini satyn aldylar. Mundan başga-da, polietilen russiýaly we owganystanly...

DOWAMY
pic
8 Apr

MEDENI-YNSANPERWER GATNAŞYKLARY ÖSDÜRMEK TÜRKMENISTAN BILEN EÝRANYŇ ARASYNDAKY HYZMATDAŞLYGYŇ ILERI TUTULÝAN UGURLARYNYŇ ARASYNDA

8-nji aprelde Aşgabatda geçirilen türkmen-eýran Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky geňeşmeleriniň barşynda medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyga jikme-jik seredildi. Taraplar global pandemiýa bilen bagly girizilen çäklendirmeler gowşanyndan soň, ýüzbe-ýüz görnüşde bilelikdäki medeni çäreleri guramak boýunça gyzyklanmalaryny beýan etdiler. Hususan-da, wekiliýetler akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek boýunça görülýän taýýarlyk işleri, şeýle-de bu sene myna...

DOWAMY
pic
8 Apr

SAGDYNLYK, SPORT, DÄPLER: MAKSATLAÝYN SERGINIŇ EKSPONATLARY NÄME HAKDA GÜRRÜŇ BERÝÄR

Türkmenistanyň şekillendiriş sungaty Muzeýinde açylan sergi 7-nji aprelde, ýagny 1948-nji ýylda Saglygy goraýşyň Bütindünýä guramasynyň döredilen gününde bellenýän Bütindünýä saglyk gününe bagyşlanýar. Sergi çeper suratlardan, amaly-haşam sungatyndan we fotosuratlardan ybarat. Sungat muşdaklaryna milli suratkeşlik mekdebiniň ussatlary: Pawel Korolewiň «Professor Sary Karanow», Nyýazmyrat Dowodowyň «Oba hassahanasy» we «Professor Aýsoltan Mämmetgulyýewa» ýaly eserlerini we beýleki halypalaryň...

DOWAMY
pic
8 Apr

TÜRKMEN-EÝRAN DAŞARY IŞLER MINISTRLIKLERINIŇ GEŇEŞMELERINIŇ BARŞYNDA SÖWDA-YKDYSADY HYZMATDAŞLYGYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

Şu ýylyň 8-nji aprelinde Aşgabatda Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrleri derejesinde geçirilen Daşary işler ministrlikleriniň geňeşmeleriniň barşynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy güýçlendirmegiň meselelerine aýratyn üns berildi. Agzalan ugur boýunça özara hereketleriň uly mümkinçiliklerini bellemek bilen, taraplar ýakyn wagtda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-eýran toparynyň nobatdaky mejlisine taýýarlygyň çäklerinde birnäçe duşuşyklary gurnamak b...

DOWAMY