RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
24 Iýul

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE ADAM HUKUKLARY WE HALKARA YNSANPERWER HUKUGYNYŇ MESELELERI BOÝUNÇA PUDAGARA TOPARYNYŇ MEJLISI GEÇIRILDI

2021-nji ýylyň 24-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Pudagara toparynyň Başlygy, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Pudagara toparyň BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary we degişli halkara guramalary bilen ysnyşykly hyzmatdaşlykda durmuşa geçirilýän ulgamlaýyn işiniň aýratyn äh...

DOWAMY
pic
24 Iýul

TOPRAGA SIŇDIRILEN YHLASYŇ MIWESI

Türkmenistanda geçirilen ýer reformasy oba ykdysadyýetiniň ösmegi üçin amatly şertler döretdi. Oba hojalyk önümlerini öndürijilere uzak möhlet bilen ulanmak üçin ýer bölünip berilmegi diňe bir ekin meýdanlaryny ep-esli artdyrmaga däl, eýsem tehnologik döwrebaplaşdyrmagyň we suwdan oýlanyşykly peýdalanmagyň hasabyna işiň netijeliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berdi. Şu ýylyň alty aýynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň (TSTB) agzalary oba hojalygy we azyk önümleriniň ön...

DOWAMY
pic
24 Iýul

TÜRKMENISTAN WE ÝAPONIÝA DÄP BOLAN DOSTLUK WE ÖZARA GOLDAW BERMEK ÝÖRELGELERINE YGRARLYDYRLAR

2021-nji ýylyň 22-nji iýulynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Tokio şäherine sapary başlandy. Mälim bolşy ýaly, bu sapar Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň Ýaponiýada – Tokio şäherinde geçirilýän XXXII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmagy maksady bilen guralandyr. 24-nji iýulda saparyň çäklerinde Tokioda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýa...

DOWAMY
pic
24 Iýul

ÇAGANYŇ HUKUKLARYNY GORAMAK UGRUNDA GEÇIRILÝÄN AŇ-BILIM IŞLERI

Tomus kanikullary döwründe Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasy we Birleşen Milletler Guramasynyň Ýokary Komissarlygynyň Maksatnamasynyň goldaw bermeginde Ombudsmeniň edarasy, Bilim ministrligi bilen bilelikde Gökdere çagalar sagaldyş merkezlerinde dynç alýan çagalar üçin okuw seminarlaryny geçirýär. Maglumat sessiýalarynyň barşynda çagalar çaganyň iň ýokary bähbitlerini, onuň ösüşini we jemgyýetçilik integrasiýasyny üpjün etmegiň ýoly hökmünde...

DOWAMY
pic
23 Iýul

TOKIODA TÜRKMEN-ÝAPON HYZMATDAŞLYGYNYŇ ILERI TUTULÝAN UGURLARY ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2021-nji ýylyň 22-nji iýulynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli türkmen wekiliýetiniň Ýaponiýa, Tokio şäherine iş sapary başlandy. 23-nji iýulda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito tarapyndan kabul edildi. Türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Imperatora we tutuş Ýaponiýanyň halkyna mähi...

DOWAMY
pic
23 Iýul

TÖREBEG HANYMYŇ ARAMGÄHI KÖNEÜRGENÇ ŞÄHERINIŇ BINAGÄRLIGINIŇ ÝENE BIR AJAÝYP ESERIDIR

Törebeg hanymyň aramgähi binagärlik we mozaika sungatynyň ajaýyp eseri hasaplanýar. Bu binagärlik ýadygärligi diwarlary reňkli mozaika bilen bol bezelen takmynan 100 inedördül metr meýdany tutýan belentden ýagty alty gyraňly zaly bilen göreni haýran edýär. Zalyň ýokarsynda ýüzüne sünnälenip mozaika pannosy çekilen başaşak duran sferoid pyýala – ýyldyzlardan we gülli ösümlik suratly köpgraňlyklardan durýan çylşyrymly geometrik nagyş howada gaýýan ýaly bolup dur. Bu zaldan nesilşalygyň birnäçe wek...

DOWAMY
pic
19 Iýul

“MERKEZI AZIÝA – RUSSIÝA” FORMATDA DAŞARY SYÝASAT EDARALARYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ DÖRDÜNJI MEJLISI GEÇIRILDI

2021-nji ýylyň 16-njy iýulynda Daşkentde “Merkezi Aziýa – Russiýa” formatda daşary syýasat edaralaryň ýolbaşçylarynyň dördünji mejlisi geçirildi. Mejlise Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministri Muhtar Tleuberdi, Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddin, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow, Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministriniň birinji orunbasary Nurlan Niýazliýew we Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow dagyl...

DOWAMY