SOŇKY HABARLAR
BIRLEŞEN ARAP EMIRLIKLERINIŇ ILÇISI TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINE YNANÇ HATLARYNY GOWŞURDY
2021-njiu ýylyň 28-nji iýulynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ahmed Alhaý Hamad Hamis Al-Hamelini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. Ilçi milli Liderimize Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Halifa bin Zaýed Al-Nahaýýanyň we BAE-niň şeýhler maşgalasynyň agzalarynyň döwlet Baştutanymyza iberen mähirli salamyny we hoşniýetli arzuwlaryny ýetirdi. O...
ÝURDUMYZYŇ EKSPORT KUWWATY
Milli ykdysadyýetimizi döwrebap ösdürmäge, halk hojalygynyň dürli pudaklarynda telekeçiligiň işjeňligini artdyrmaga gönükdirilen çäreler ýurdumyzyň işewürlik gadamlaryny has-da pugtalandyrmaga ýardam edýär. Aýratyn-da bu çäreler importyň ornuny tutup, eksporta niýetlenen önümleriň öndürilýän mukdaryny we görnüşlerini artdyrmaga, milli önümlerimiziň eksport edilýän ýurtlarynyň sanyny köpeltmäge uly itergi berýär. Bu ugurda «Keremli ädim» hususy kärhanasy döwrebap işleri alyp barýar. 2018-nji ý...
DUŞANBEDE GEÇEN BILELIKDÄKI TÜRKMEN-TÄJIK TOPARYNYŇ MEJLISINDE HYZMATDAŞLYGYŇ DERWAÝYS MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2021-nji ýylyň 28-nji iýulynda Duşanbe şäherinde Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň onunjy mejlisi geçirildi. Toparyň türkmen bölegine Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeldi Serdarow, täjik tarapyna bolsa – Täjigistan Respublikasynyň Energetika we suw serişdeleri ministri Juma Daler Şofakir ýolbaşçylyk etdiler. Mejlisiň barşynda taraplar türkmen-täjik gatnaşyklarynyň ýokary derejesini belläp geçdiler we ýoka...
BRITANIÝALY KOMPANIÝA HAZAR DEŇZINIŇ TÜRKMEN KENARYNDA NEBIT ÖNÜMLERINI ÝURT DAŞYNA IBERMEK ÜÇIN GÄMI DURALGASYNY GURAR
Beýik Britaniýanyň «Petro Gas LLP» kompaniýasy Hazar deňziniň türkmen kenarynda Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň nebit önümlerini daşary ýurtlara ibermek üçin gämi duralgasyny gurar. Türkmen nebit önümleriniň daşary ýurt bazarlaryna üznüksiz iberilmegini üpjün etmek maksady bilen, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisde degişli karara gol çekdi. Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyna Kenar toplaýjy-ýükleýji nebit kärhanasynda nebit we nebit...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SAUD ARABYSTANY PATYŞALYGYNYŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISINI KABUL ETDI
2021-nji ýylyň 27-nji iýulynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň wezipä täze bellenen Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Said Osman Ahmed Suweýdi kabul etdi. Ol milli Liderimize ynanç hatyny gowşurdy. Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Iki Mukaddesligiň Hyzmatkäri Patyşa Salman Ben Abdelaziz Al Saudyň hem-de Mirasdüşer Şazada Muhammed ben Salman Al Saudyň mähirli salam...
CNPC TÜRKMENISTANDA BAE-NIŇ KOMPANIÝANYŇ GURLUŞYGYNY TAMAMLAMADYK ÜÇ SANY GAZ GUÝUSYNY GURUP GUTARAR
Hytaý Halk Respublikasynyň «CNPC» kompaniýasy Birleşen Arap Emirlikleriniň kompaniýasynyň «Galkynyş» gaz käninde adaty gaz guýularyndan çylşyrymlylygy bilen tapawutlanýan üç gaz guýusynyň tamamlamadyk gurluşygyny ýerine ýetirer. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde degişli Karara gol çekdi. Mejlisde «Galkynyş» gaz käninde gaz guýularynyň gurluşygyny tamamlamak baradaky» resminamanyň taslamasy wise-premýer Şahym Abdyrahmanow tarapyndan höd...
TÜRKMENISTAN HOWANYŇ ÜÝTGEMEGI BILEN BAGLY SEBIT WE HALKARA DEREJELERINDE ALNYP BARYLÝAN HEREKETLERE IŞJEŇ GATNAŞÝAR
2021-nji ýylyň 26-27-nji iýuly aralygynda Täjigistan Respublikasynda Howanyň üýtgemegi boýunça 4-nji Merkezi Aziýa maslahaty geçirildi. Maslahat Täjigistan Respublikasynyň Hökümeti bilen Merkezi Aziýanyň Sebitleýin ekologik meseleleri boýunça merkezi (CAREC) tarapyndan “Aral deňzi basseýninde howanyň üýtgemeginiň täsirlerine uýgunlaşmak we olary gowşatmak boýunça Maksatnamasy” atly Dünýä bankynyň hem-de Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň bilelikde alyp barýan t...