SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ METBUGAT BRIFINGI BARADAKY PRESS-RELIZ
2021-nji ýylyň 16-njy ýanwarynda Aşgabatda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň üç infrastruktura desgalaryny - “Akina – Andhoý” beketleriniň aralygynda 30 kilometrlik demir ýolunyň açylyş, Ymamnazar (Türkmenistan) – Akina (Owganystan) hem-de Serhetabat (Türkmenistan) – Turgundy (Owganystan) halkara optiki süýümli aragatnaşyk ulgamyny we üstaşyr akymlary hem-de Kerki (Türkmenistan) – Şibergan (Owganystan) ugry boýunça elektrik geçiri...
GARAGUMYŇ UMMASYZ BAÝLYKLARY
Gadym döwürlerden Garagum adyny alan gözýetmez, bir bölegi beýewan, aglabasy çäge gumluk Merkezi Aziýada iň uly, dünýäde iri çölleriň biridir. Ol Türkmenistanyň meýdanynyň üçden bir bölegine golaýyny tutup, günortada Köpetdagyň dag etekleriniň, Garabiliň we Bathyzyň, demirgazykda – Horezm golunyň, gündogarda – Amyderýa jülgesiniň we günbatarda Gündogar Uzboýyň hanasynyň arasynda ýerleşýär. Jemi 350 müň inedördül kilometrden hem gowrak bu çölüň tutýan meýdany Beýik Britaniýa, Italiýa ýa-da Norweg...
«MALAÝ» GAZ KÄNINDÄKI GAZ GYSYJY DESGASYNYŇ IŞE GIRIZILMEGI – TÜRKMENISTANYŇ GAZ PUDAGYNYŇ EKSPORT MÜMKINÇILIKLERI GIŇELDILÝÄR
2021-nji ýylyň 15-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Lebap welaýatynyň çäginde ýerleşen «Malaý» gaz känindäki gaz gysyjy desgasyny işe girizmek dabarasy geçirildi. Çärä Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Hökümetiniň agzalary, ýurduň birnäçe ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, şeýle hem Hytaýyň Milli Nebitgaz Korporasiýasynyň (CNPC) Türkmenistandaky wekilleri gatnaşdylar. Bu desganyň işe girizilmeg...
“DEMOKRATIÝA WE HUKUK” ŽURNALYNYŇ NOBATDAKY SANY
Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty tarapyndan çärýekde bir gezek neşir edilýän ylmy-amaly žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Onda ýerleşdirilen makalalar 2020-nji ýylyň şanly wakasyna—Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlandy. Žurnal hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 12-nji dekabrda—Halkara Bitaraplyk gününiň hem-de şanly senäniň baýram edilmeginiň çäklerinde geçirilen “Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün...
BÜTINDÜNÝÄ BANKY BILEN SAGLYGY GORAÝYŞ PUDAGYNDAKY TASLAMANY DURMUŞA GEÇIRMEK BOÝUNÇA HYZMATDAŞLYK BERKIDILÝÄR
2021-nji ýylyň 12-nji ýanwaryndan 14-nji ýanwary aralygynda Bütindünýä bankynyň Taslamalaýyn toparynyň ýolbaşçysy Susanna Aýrapetýanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen onlaýn duşuşyk geçirildi. Gepleşiklerde türkmen tarapyna Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, şeýle-de Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary hem-de wekilleri wekilçilik etdiler. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Bütindünýä bankynyň arasynda...
TARYHY-MEDENI MIRAS – MILLETIŇ RUHY BAÝLYGYNYŇ BINÝADY
Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan çärýekde bir gezek neşir edilýän “Miras” ylmy- köpçülikleýin žurnalyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Okyjylaryň giň toparyna niýetlenen žurnal täze açyşlar hem-de halkymyzyň taryhy-medeni we ruhy mirasyny öwrenmegiň netijeleri hakynda makalalaryň tapgryny dowam edýär. Žurnalyň 2020-nji ýyldaky jemleýji sany ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna--taryhy senä bagyşlanyp, geçen ýylyň ähli...
TÜRKMENISTANDAN OWGANYSTANA ÇENLI HALKARA OPTIKI SÜÝÜMLI ARAGATNAŞYK ULGAMYNY IŞE GOÝBERMEK – DÜNÝÄNIŇ ÝURTLARYNYŇ ARASYNDAKY MAGLUMAT KÖPRÜSINIŇ DÖREDILMEGI UGRUNDA
Şu gün, Kerki – Şibergan ugry boýunça elektrik geçirijisiniň işe girizilmegi we Akina-Andhoý beketleriniň aralygynda uzynlygy 30 kilometr bolan demir ýolunyň açylyş dabarasynyň dowamynda Ymamnazar (Türkmenistan) – Akina (Owganystan Yslam Respublikasy) hem-de Serhetabat (Türkmenistan) – Turgundy (Owganystan Yslam Respublikasy) halkara optiki süýümli aragatnaşyk ulgamyny we üstaşyr akymlary işe goýbermek dabarasy hem geçirildi. Türkmenistanyň we Owganystanyň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynd...