SOŇKY HABARLAR
KABULDA DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ DEREJESINDE TÜRKMENISTANYŇ WE OWGANYSTANYŇ ARASYNDA SYÝASY GEŇEŞMELER GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 9-njy ýanwarynda Kabul şäherinde Türkmenistanyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow we Owganystan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Hanif Atmar ikitaraplaýyn gün tertibiniň derwaýys ugurlary boýunça taraplaryň nukdaýnazarlaryny beýan etdiler. Söhbetdeşler Türkmenistanyň we Owganystanyň döwlet baştutanlarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň netijeliligini belläp geçdiler, çünki bu öz n...
HUSUSY DÜKANLARYŇ SANY ARTÝAR
Täze ýylyň öň ýanynda Daşoguzda telekeçä degişli «Elektronika dünýäsi» dükany açyldy. Iki gatly täze bina S.Türkmenbaşy şaýolunyň we Al-Horezmi geçelgesiniň çatrygynda ýerleşýär, ol köp öýli ýaşaýyş jaýlarynyň arasynda boş ýatan ýerde guruldy. Giň we ýagty söwda zallarynda iri hem-de ownuk durmuş enjamlary, daşary ýurtlaryň hem-de ýerli belli önüm öndürijileriň dürli ähmiýetli durmuş elektronikasy enjamlary goýlan. Soňky ýyllarda Daşoguz welaýatynyň dolandyryş merkezinde hususy eýeçilikdäki d...
TÜRKMENISTANYŇ WE OWGANYSTANYŇ WEKILLERI ÖZARA BÄHBITLI HYZMATDAŞLYGYŇ ILERI TUTULÝAN UGURLARYNY ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
2021-nji ýylyň 8-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekilçilikli wekiliýeti Owganystan Yslam Respublikasynyň Kabul şäherine iş sapary bilen gitdi. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýeti owgan Hökümetiniň ýokary derejeli wekilleri bilen işjeň gepleşikleriň birnäçesini geçirdi. Hususan-da, Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Owganystan Yslam Respublikasynyň Daşary i...
ÝHHG-NIŇ AŞGABATDAKY MERKEZINIŇ ÝOLBAŞÇYSY AŞGABAT JEMLEÝJI RESMINAMASYNYŇ KABUL EDILMEGINE BAGYŞLANAN BRIFING GEÇIRDI
2021-nji ýylyň 8-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa Drozd brifing geçirdi. Brifingiň esasy temasy, geçen ýylyň 12-nji dekabrynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli geçirilen «Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti» atly halkara maslahatyň jemleri boýunça kabul edilen Aşgabat jemleýji resminamasy boldy. Mälim bolşy...
DAŞARY ÝURTLY HYZMATDAŞLAR BILEN NOBATDAKY WIDEODUŞUŞYKLAR
Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hünärmenleriniň gatnaşmagynda Bütindünýä bankynyň wekilleri bilen wideoaragatnaşyk arkaly maslahat geçirildi. Duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistan bilen Bütindünýä bankynyň arasyndaky gatnaşyklaryň sazlaşykly ösüşe eýedigini kanagatlanma bilen bellediler. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan “açyk gapylar” syýasatynyň çäklerinde milli maliýe ulgamyny ösdürmek boý...
BAGY-BAKJA BEZEGIDIR ZEMINIŇ
Daşoguz welaýatynda bagçylyk bilen meşgullanmaga höwesekleriň sany ýylsaýyn artýar. Mysal üçin, diňe Gurbansoltan eje adyndaky etrabynyň «N.Andalyp» daýhan birleşiginde döredilen ýörüteleşdirilen ýer gorundan soňky ýyllarda adamlaryň 299-syna gök-miwe önümlerini ýetişdirmek, şol sanda köp ýyllyk miweli baglary we üzüm ýetişdrimek üçin 1550 gektar ýer bölünip berildi. Şunda ýerleri 99 ýyllyk möhlete ulanmaga alanlaryň köpüsi diňe bagçylyk we üzümçilik bilen meşgullanmagy niýet edinýärler, diňe ol...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ ORUNBASARY GFR-NYŇ HÖKÜMETINIŇ OWGANYSTAN WE PAKISTAN BOÝUNÇA ÝÖRITE WEKILI BILEN TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK GEÇIRDI
2021-nji ýylyň 6-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýewiň GFR-nyň Hökümetiniň Owganystan we Pakistan boýunça Ýörite wekili Markus Potzel bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi. Mähirli salamlaşanlaryndan soňra, diplomatlar Türkmenistanyň we Germaniýanyň arasynda ikitaraplaýyn, edil şonuň ýaly-da halkara hem-de sebitleýin düzümleriň çäklerinde alnyp barylýan hyzmatdaşlygynyň derejesine ýokary baha berdiler. Sebit derejesinde howpsuzlygyň we durn...