SOŇKY HABARLAR
OWGANYSTANYŇ MILLI YSLAM HEREKETI PARTIÝASYNYŇ ÝOLBAŞÇYSY BILEN TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK
2020-nji ýylyň 21-nji dekabrynda owgan tarapynyň başlangyjy esasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew bilen Owganystanyň Milli Yslam Hereketi partiýasynyň ýolbaşçysy Marşal Abdul Raşid Dostumyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň barşynda türkmen-owgan hyzmatdaşlygynyň gün tertibi boýunça pikir alşyldy. Taraplar Türkmenistan bilen Owganystanyň döwlet baştutanlarynyň arasyndaky ylalaşyklaryň çäklerinde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň işjeň ýag...
TÜRKMENISTANYŇ HEM-DE ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTLERTINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK BOLDY
2020-nji ýylyň 21-nji dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşligiň barşynda iki dostlukly döwletleriň Baştutanlary türkmen we özbek halklarynyň bähbitlerine kybap gelýän döwletara hyzmatldaşlygynyň şu günki ýagdaýy hem-de geljegi barada pikir alyşdylar. Taraplar şeýle hem halkara we sebit gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdy...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ «TÜRKMENIŇ DÖWLETLILIK ÝÖRELGESI» KITABYNYŇ TÜRK DILINDÄKI TANYŞDYRYLYŞ DABARASY
2020-nji ýylyň 21-nji dekabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň türk dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Tanyşdyrylyş dabarasyna ýurdumyzyň gazet-žurnallarynyň baş redaktorlary, ýerli ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, professor-mugallymlary hem-de talyplary, şeýle-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Mundan başga-da, bu çärä sanly wideoaragatnaşyk...
HOWDANA ILKINJI MILLIARD KUB METR SUW TOPLANDY!
Lebap welaýatynyň günorta-gündogaryndaky «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 15 ýyllygy» adyndaky suw howdanyna gyşky suw toplamak işleri çalt depginlerde alnyp barylýar. TDH-nyň habarçysyyna emeli kölüň direksiýasynda gürrüň bermeklerine görä, häzirki wagtda howdana Amyderýanyň her sekuntda 250-260 kub metr suwy ýygnalýar. Şu güne çebli emeli howdandaky tenekar suwuň gory 1,2 milliard kub metre ýetdi. Amyderýanyň suwy bu ýere ini 120 metr we uzynlygy 40 kilometrden gowrak iri sepleýji kanaldan g...
DIM-DE BMG-NIŇ TÜRKMENISTANDAKY HEMIŞELIK UTGAŞDYRYJYSY BILEN DUŞUŞYK
2020-nji ýylyň 21-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ýurdumyzda öz işini tamamlaýan Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy hanym Ýelena Panowa bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda türkmen tarapy abraýly halkara guramasynyň wekiline Türkmenistanyň we BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmekdäki alyp baran işleri üçin minnetdarlyk sözlerini beýan etdi. Köp ýyllaryň dowamynda ýetilen üstünlikleri we alnyp barylýan...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE BÜTINDÜNÝÄ SAGLYGY GORAÝYŞ GURAMASYNYŇ ÝURT BOÝUNÇA EDARASYNYŇ BAŞLYGY BILEN DUŞUŞYK
Şu gün, 2020-nji ýylyň 21-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Türkmenistandaky işini tamamlap gelýän Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň ýurt boýunça edarasynyň Başlygy Paulina Karwowska bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar soňky ýyllarda has-da işjeňleşdirilen Türkmenistan bilen Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler. Söhbetdeşler adamzadyň saglygyna howp salýan we...
BIRŽA TÄZELIKLERI
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 119-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň Owganystan Yslam Respublikasynyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtomobil benzinini satyn aldylar. Russiýa Federasiýasynyň, BAE-niň we Owganystan Yslam Respublikasynyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmengaz” döwlet konserninde öndürilen tehniki kükürdi, suwuklandyrylan gazy we awtomob...