SOŇKY HABARLAR
«TÜRKMEN ÝYLDYZY» HK ENERGIÝA KIÇI BEKETLERE HYZMAT EDÝÄR WE SIM ÇYKARMAGY ÖZLEŞDIRDI
Lebap welaýatynda ýerleşýän elektrik energetikasy desgalaryny gurmaga, olara tehniki hyzmat etmäge we abatlamaga ýörüteleşen «Türkmen Ýyldyzy» hususy kärhanasy Lebapda gurulýan elektrik bekediniň 110/220 кВ açyk bölüji enjamyny sazlamagy hem-de elektrotehniki önümleri çykarmak boýunça öz önümçilik binýadynyň gurluşygyny tamamlady. Çärjew etrabynda ýerleşýän kärhanada ýokary tehnologiýaly enjam oturdyldy we izolirlenen hem-de izolirlenmedik alýumin kabellerdir simleri çykarýan seh işe girizild...
TÜRKMENISTANYŇ WE AZERBAÝJAN RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERI TELEFON ARKALY ÖZARA HEREKETLERIŇ DERWAÝYS MESELELERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
2021-nji ýylyň 3-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministri Jeýhun Baýramow bilen telefon arkaly gepleşigi geçirildi. Söhbetdeşligiň barşynda taraplar özara hereketleriň häzirki meselelerini, şeýle-de ýokary syýasy derejede gazanylan bilelikdäki ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişiniň depginini ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar iki ýurduň DIM-niň ugry boýunça işjeň häsiýete eýe bolan özara hereketleriň dowam edilmeginiň,...
TELEKOM-HYZMATLARY WE SANLY ULGAM
Barselonada 28-nji iýundan 1-nji iýul aralygynda geçirilýän Bütindünýä kongresi (Mobile World Congress, MWC) - iri maslahatlaryň we telekom-sergileriň biri bolup, onda iň täze tehnologiýalar hem-de ykjam gajetler görkezilýär. Şu ýyl MWC ilkinji gezek garyşyk görnüşde geçiriler: mejlisleriň we spikerleriň käbirine oflaýn, käsi – diňe onlaýn görnüşde gatnaşarlar. Çärä gatnaşýanlaryň arasynda SpaceX we Tesla kompaniýasynyň baştutany Ilon Mask häzirki wagtda internetsiz sebitleri ýokary tizlikli...
TÜRKMENISTAN BILEN GAZAGYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERI TELEFON ARKALY MÖHÜM MESELELERI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
2021-nji ýylyň 2-nji iýulynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, Daşary işler ministri Muhtar Tleuberdi bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi. Gepleşigiň barşynda taraplar türkmen-gazak gün tertibiniň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Ministrler iki döwletiň arasynda ýokary derejedäki yzygiderli we ynamly syýasy gepleşigiň ähmiýetini nygtad...
ÝÜKÜŇ ILKINJI TAPGYRY BIŞKEKE ELTILDI
Türkmenistandan Gyrgyzstana ilkinji haryt tapgyry eltildi. Bu barada Prezident Sadyr Japarowyň ýurdumyza resmi saparynyň dowamynda ylalaşyk gazanylypdy. Takmynan 20 tonna santehnika önümi, onlarça tonna pomidor, käşir we konditer önümleri Türkmenabatdan Bişkeke «Türkmenhowaýollary» agentliginiň IL-76 uçarynda iberildi. Mundan başga-da, birnäçe tonna nebit-himiýa önümleri (polipropilen, polietilen düwürleri), mata nusgalary we ş. m. gowşuryldy. Şeýlelik-de türkmen telekeçileri birnäçe gün mundan...
TÜRKMENISTANYŇ WE TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY SYÝASY EDARALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARY TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK GEÇIRDILER
2021-nji ýylyň 2-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirdi. Taraplar Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda ýakynda geçirilen telefon söhbetdeşliginiň netijeleri boýunça Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidentleriniň tabşyryklaryna laýyklykda türkmen-türk gatnaşyklarynyň ösüşiniň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar. Söhbe...
POMIDORYŇ EKSPORTY IKI ESSE ARTAR
Pomidor we beýleki ekinleri ýyladyşhanalarda ösdürip ýetişdirmek boýunça ýöriteleşýän hususy oba hojalyk öndürijileriniň eksport mümkinçiligi artýar. Ýyladyşhanalar ýurtda azyk howpsuzlygyny goldamakda möhüm orna eýe bolup başlady. Olar arly ýylyň dowamynda ilaty täze gök önümler bilen üpjün edýärler we hemişelik iş ýerlerini döredýärler. Türkmenistanyň hususy oba hojalyk öndürijilerinden içerki we daşarky bazarlara pomidor, hyýar, bulgarburç, ýertudana we beýleki azyk önümleri iberilýär....