SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTAN WE BEÝIK BRITANIÝA SÖWDA-YKDYSADY GATNAŞYKLARYNY IŞJEŇLEŞDIRÝÄRLER
2020-nji ýylyň 13-nji noýabrynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Türkmen-britan söwda-ykdysady mejlisi geçirildi. Duşuşyga türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri M.Serdarow, Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy R.Jepbarow, Suw hojalygy baradaky Döwlet komitetiniň başlygy G.Baýjanow, britan tarapyndan – Beýik Britaniýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistan boýunça söwda wekili Baronessa Nikolson, Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly...
TÜRKMENISTANYŇ ILÇISI YSRAÝYL DÖWLETINIŇ PREZIDENTINE YNANÇ HATLARYNY GOWŞURDY
2020-nji ýylyň 11-nji noýabrynda Iýerusalim şäheriniň Prezident köşgünde Türkmenistanyň Italiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi T.Kömekowyň Ysraýyl Döwletiniň Prezidenti Reuwen Riwline Türkmenistanyň Ysraýyl Döwletindäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi hökmünde (oturýan ýeri Rim şäheri) ynanç hatlaryny gowşurmak dabarasy geçirildi. Duşuşygyň barşynda Ysraýyl Döwletiniň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanyň baky Bitaraplygynyň 25 ýyl...
DAŞARY ÝURTLY HYZMATDAŞLAR BILEN NOBATDAKY WIDEODUŞUŞYKLAR
Nobatdaky iki günlük okuw maslahaty gämileriň we deňiz menzilleriniň desgalarynyň howpsuzlygyny üpjün etmek baradaky meselä bagyşlandy. Oňa «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň we Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri gatnaşdylar. Çäre «Deňiz goragy, howpsuzlygy we Gara deňiz hem-de Hazar deňzi sebitleriniň daşky gurşawyny goramak» (BCSEA) taslamasynyň çäklerinde guraldy. Ol Ýewropa Bileleşiginiň maliýe taýdan goldaw bermeginde Ýewropanyň deňiz howpsuzlygy agentligi (EMSA) tara...
TÜRKMEN HÜNÄRMENLERINIŇ «AKYLLY ÖÝ» — ÝAŞAÝYŞ JAÝYNY SANLYLAŞDYRMAK TASLAMASY
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aşgabady ösdürmegiň 16-njy tapgyrynyň binalarynyň açylyş dabarasy ýatdan çykmajak täsir döretdi. Ýaşamak üçin ähli amatly şertler döredilen bu ajaýyp binalardaky öýlerde «akylly öý» intellektual ulgam ornaşdyryldy. Bu taslama türkmen talyplary, şol sanda Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyplary işjeň gatnaşdylar. Olar awtomatlaşdyrmak, elektronika, robot tehnikasy, internet we beýleki ählumumy sanlylaşd...
TÜRKMENISTANDA ÜSTAŞYR HEREKET EDÝÄN DAŞARY ÝURT DÖWLETLERINIŇ ÝÜK AWTOULAG TIRKEGLERI ÜÇIN ÝYGYMLARYŇ MÖÇBERI KESGITLENILDI
Golaýda Türkmenistanyň Prezidenti degişli Karara gol çekdi, oňa laýyklykda Türkmenistana gelýän we onuň çäginden üstaşyr geçýän daşary ýurt döwletleriniň ýük awtoulag tirkegleri üçin ýurtda hereket edýän umumy ýygymy kesgitlendi. Bu hereketler Halkara ulag we üstaşyr geçelgesini döretmek hakynda Eýran Yslam Respublikasynyň, Oman Soltanlygynyň, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Hökümetleriniň arasyndaky Ylalaşygyny (Aşgabat Ylalaşygyny) hem-de Üstaşyr we ulag hyzmatdaşlygy hakynda Y...
BIRLEŞEN MILLETLER GURAMASYNYŇ NEŞE SERIŞDELERI WE JENAÝATÇYLYK BOÝUNÇA MÜDIRLIGINIŇ ÝERINE ÝETIRIJI DIREKTORY BILEN DUŞUŞYK
Şu gün, 10-njy noýabrda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow wideoaragatnaşyk arkaly Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk boýunça Müdirliginiň Ýerine ýetiriji direktory, BMG-niň Wena şäherindäki Bölüminiň Baş direktory hanym Geda Fathi Wali bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň hem-de BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk boýunça Müdirliginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary d...
BIRŽA TÄZELIKLERI
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 41-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Hytaýyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Germaniýanyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen nebit koksyny, awiakerosinini, dizel ýangyjyny, gidro usulda arassalanan dizel ýangyjyny, awtomobil benzinini satyn aldylar. “Türkmengaz” döwlet konserninde öndürilen ýokary dykyzlykdaky polietilen R...