RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
20 Okt

HOWANYŇ ÜÝTGEMEGI BOÝUNÇA ÜÇÜNJI MERKEZI AZIÝA MASLAHATY ÖZ IŞINE BAŞLADY

2020-nji ýylyň 19-njy oktýabrynda wideo aragatnaşyk arkaly Howanyň üýtgemegi boýunça üçünji Merkezi Aziýa maslahaty öz işine başlady.  Ol 23-nji oktýabra çenli dowam eder. Çärä Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet gulluklarynyň, ösüş boýunça halkara agentlikleriniň, maliýe institutlarynyň, ylmy jemgyýetçiliginiň hem-de raýat guramalarynyň wekilleri gatnaşýarlar.  Bu maslahatyň esasy mowzugy – deňeşdirilýän wagt araçäkleriniň dowamynda syn edilýän we howanyň tebigy durnuksyzlygy bilen bagly bol...

DOWAMY
pic
19 Okt

BIRŽA TÄZELIKLERI

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 52-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasynaBirleşen Arap Emirliklerinden,Şweýsariýadan, Türkiýeden, Şotlandiýadan, Owganystandan, Panamadan we Özbegistandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen gidroarassalanan dizel ýangyjyny, uçar kerosinini, suwuklandyrylan gazy, gyzdyrylan nebit koksuny satyn aldylar. Türkiýe Respublikasyndan gelen täjirler bolsa“Türkm...

DOWAMY
pic
16 Okt

Ýaşajyk nakgaşlaryň baýramçylyga bagyşlanan işleriniň sergisi

Ýurdumyzyň demirgazyk sebitiniň umumybilim berýän we ýöriteleşdirilen mekdepleriniň okuwçylary öz eserlerini Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlapdyrlar. Daşoguz welaýat Taryhy-ülkäni öwreniş muzeýiniň eýwanynda çagalaryň zehininden dörän işler görkezilýär. Çäräni Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşi M. Garlyýew adyndaky ýöriteleşdirilen sungat mekdebi bilen bilelikde gurady. Tematiki sergide žiwopis, heýkeltaraşlyk we amaly-haşam sungat...

DOWAMY
pic
16 Okt

TÜRKMENISTANYŇ SENAGAT WE GURLUŞYK ÖNÜMÇILIGI MINISTRINIŇ ÝAPONIÝANYŇ TÜRKMENISTANDAKY ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISI BILEN DUŞUŞYGY

2020-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministri Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Katsumata Takahiko bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar dostluk, ynanyşmak we özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň ýokary derejesini belläp geçdiler. Soňky ýyllaryň dowamynda syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky türkmen-ýapon gatna...

DOWAMY
pic
16 Okt

DIM-DE HALKARA AHALTEKE ATÇYLYK ASSOSIASIÝASYNYŇ HEM-DE HALKARA TÜRKMEN ALABAÝ ITLERI ASSOSIASIÝASYNYŇ ALYP BARÝAN IŞLERINE BAGYŞLANAN HALKARA BRIFING GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 16-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň hem-de Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň alyp barýan işlerine bagyşlanan halkara brifing geçirildi. Brifinge ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, şol sanda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň, Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň ýolbaşçylary we wekilleri, şeýle-de Türkmenistanda işleýä...

DOWAMY
pic
16 Okt

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ WE HINDISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 15-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowindiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow netijeli türkmen-hindi gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge berýän ünsi üçin Prezident Ram Nath Kowinde tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, biziň ýurtlarymyzyň diňe bir ikitaraplaýyn görnüşde däl, eýsem, halkara düzümleriň ugry boýunça hem işjeň hy...

DOWAMY
pic
16 Okt

TÜRKMENISTANYŇ MARRAKEŞ YLALAŞYGYNA GOŞULMAGY HAKYNDAKY GURALYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY

2020-nji ýylyň 15-nji oktýabrynda Bütindünýä Intellektual eýeçiligi guramasynyň (BIEG) Ženewa şäherindäki merkezi edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan gol çekilen «Körlere we görüş ukyby bozulan ýa-da metbigat maglumatlaryny kabul etmek bilen bagly beýleki mümkinçilikleri çäkli adamlara çap edilen eserleriň elýeterliligini ýeňilleşdirmek hakyndaky Marrakeş Ylalaşygyna» (2013-nji ýyl) goşulmak hakynda guralyň BIEG-iň Baş direktory jenap Daren Tanga gowşuryş dabarasy geçirildi. Dabar...

DOWAMY