SOŇKY HABARLAR
HALKARA TENNIS FEDERASIÝASYNYŇ PREZIDENTI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda Halkara tennis federasiýasynyň Prezidenti, Halkara Olimpiýa komitetiniň agzasy Dewid Haggerti bilen onlaýn-duşuşyk geçirildi. Türkmen tarapyndan duşuşyga Milli Olimpiýa komitetiniň, Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň, şeýle-de Daşary işler, Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň wekilleri gatnaşdylar. Duşuşygyň barşynda taraplar Aşgabat şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän Dewisiň kubogyny almak ugrunda halkara tennis ýaryşlaryň tapgyrlaýyn duşuşyk...
TÜRKMENISTANYŇ WE ÝUNKTAD-YŇ WEKILLERI HYZMATDAŞLYGYŇ MESELELERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
2020-nji ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň BMG-niň Söwda we ösüş boýunça konferensiýasynyň (ÝUNKTAD) Baş sekretary Mukis Kituýi we BMG-niň Baş Sekretarynyň kömekçisi, BMG-nyň Ösüş Maksatnamasynyň Ýewropa we GDA döwletleri boýunça sebitleýin direktory Mirýana Spolýariç Egger bilen wideokonferensiýa görnüşindäki duşuşygy geçirildi. Duşuşyga şeýle hem BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky Hemişelik Wekiliniň wezipesini ýerine ýetiriji Natiýa Natsw...
TÜRKMENISTAN BILEN SAUD ARABYSTANYŇ ARASYNDAKY HYZMATDAŞLYGYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2020-nji ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýew bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň Daşary işler ministriniň syýasy we ykdysady işler boýunça orunbasary jenap Adel Siraj Salehyň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda Türkmenistanyň we Saud Arabystany Patyşalygynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň öňdebaryjy ugurlary boýunça işjeň gepleşikler geçirildi. Dürli derejelerde geçirilýän yzygiderli duşuşukl...
FRANSIÝA RESPUBLIKASYNYŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇISI YNANÇ HATLARYŇ NUSGALARYNY GOWŞURDY
2020-nji ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Fransiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi hanym Izabel Ginel bilen duşuşygy boldy. Duşuşygyň başynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşine ygrarlydygyny bellediler. Iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmek hem-de ikitaraplaýyn syýasy, ykdysady we medeni hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini ara...
HYRAT ŞÄHERINDE TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ TÄZE KITABYNYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Hyrat şäherindäki Konsullygynda Hyrat we Badhyz welaýatlarynyň türkmen diasporasynyň abraýly wekilleriniň gatnaşmaklarynda Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň konsuly we Owganystanyň abraýly türkmen wekilleri çykyş edip, kitabyň aýratynlyklary hem-de onuň milli we dünýä gymmatlyklaryny ösdürmekdäki e...
BIRŽA TÄZELIKLERI
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 20-si hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Beýik Britaniýanyň, Owganystan Yslam Respublikasynyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini we awtobenzin satyn aldylar. Türkiýeli işewürler “Türkmengaz” döwlet konserninde öndürilen ýokary dykyzlykdaky polietileni satyn aldylar. Bulardan başga-da, BAE-niň, Türkiýäniň, Ermen...
«TÜRKMENISTANYŇ DERMANLYK ÖSÜMLIKLERI» KITABYNYŇ ХII JILDINIŇ TANYŞDYRYLYŞ ÇÄRESI
Şu gün Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» kitabynyň ХII jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Milli Liderimiziň galamyndan çykan we Diýarymyzyň baý ösümlik dünýäsi, halk lukmançylygynyň gadymy ýörelgeleri bilen gyzyklanýan giň okyjylar köpçüligine niýetlenilen täze ylmy işi Saglygy goraýyş we derman...