RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
7 Ýan

BAGY-BAKJA BEZEGIDIR ZEMINIŇ

Daşoguz welaýatynda bagçylyk bilen meşgullanmaga höwesekleriň sany ýylsaýyn artýar. Mysal üçin, diňe Gurbansoltan eje adyndaky etrabynyň «N.Andalyp» daýhan birleşiginde döredilen ýörüteleşdirilen ýer gorundan soňky ýyllarda adamlaryň 299-syna gök-miwe önümlerini ýetişdirmek, şol sanda köp ýyllyk miweli baglary we üzüm ýetişdrimek üçin 1550 gektar ýer bölünip berildi. Şunda ýerleri 99 ýyllyk möhlete ulanmaga alanlaryň köpüsi diňe bagçylyk we üzümçilik bilen meşgullanmagy niýet edinýärler, diňe ol...

DOWAMY
pic
6 Ýan

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ ORUNBASARY GFR-NYŇ HÖKÜMETINIŇ OWGANYSTAN WE PAKISTAN BOÝUNÇA ÝÖRITE WEKILI BILEN TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK GEÇIRDI

2021-nji ýylyň 6-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýewiň GFR-nyň Hökümetiniň Owganystan we Pakistan boýunça Ýörite wekili Markus Potzel bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi. Mähirli salamlaşanlaryndan soňra, diplomatlar Türkmenistanyň we Germaniýanyň arasynda ikitaraplaýyn, edil şonuň ýaly-da halkara hem-de sebitleýin düzümleriň çäklerinde alnyp barylýan hyzmatdaşlygynyň derejesine ýokary baha berdiler. Sebit derejesinde howpsuzlygyň we durn...

DOWAMY
pic
6 Ýan

BMG-NIŇ MERKEZI AZIÝA ÜÇIN ÖŇÜNI ALYŞ DIPLOMATIÝASY BOÝUNÇA SEBIT MERKEZINIŇ BAŞTUTANY METBUGAT-MASLAHATYNY GEÇIRDI

2021-nji ýylyň 6-njy ýanwarynda Aşgabatda BMG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň baştutany Natalýa German metbugat-maslahatyny geçirdi. Çärä ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, Türkmenistanda akkreditirlenen žurnalistler, şeýle hem sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly daşary ýurt KHBS-niň wekilleri gatnaşdylar. Gatnaşyjylaryň arasynda Azerbaýjanyň, Beýik Britaniýanyň, Gruz...

DOWAMY
pic
6 Ýan

«TÜRKMEN ENJAM» HJ-NYŇ DESGALARY

?Türkmen enjam» hojalyk jemgyýeti TOPH magistral gaz geçirijisiniň türkmen böleginiň gurluşykçylarynyň tabşyrygyny ýerine ýetirdi. Gazçylara hojalyk jemgyýetiniň önümçilik bölümlerinde taýýarlanan diametri 225 millmertlik 214 müň metr ýokary basyşly polietilen turbalar ulanmaga berildi. Turbalar gurluşyk meýdançalaryna suw geçirmekde, tehnologik we gurulýan gaz geçirijä hyzmat edýän işgärleriň hajatlaryny üpjün etmekde peýdalanylar. Hojalyk jemgyýetiniň Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda ýe...

DOWAMY
pic
5 Ýan

HYTAÝYŇ ILÇISI TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINE YNANÇ HATLARYNYŇ NUSGASYNY GOWŞURDY

2021-nji ýylyň 5-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Ilçisi Sýan Naýçen bilen duşuşygy geçirildi. Söhbetdeşligiň barşynda R.Meredow HHR-nyň Ilçisini jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlady hem-de onuň geljekki diplomatik işinde üstünlikleri arzuw etdi. Bu ugurda şu ýyl türkmen-hytaý diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynda ähmiýetli senä gadam basylýandygy hem bellenilip geçildi. Taraplar hyzma...

DOWAMY
pic
5 Ýan

ÝYL BEREKETLI GELDI

Ýurduň demirgazygynyň ekarançylary üçin tamamlanyp barýan ýyl rysgally-bereketli boldy. Zerur agrotehniki çäreleriň öz wagtynda geçirilmegi netijesinde esasy oba hojalyk ekinlerini – pagta, galla, şaly, kartoşka, sogan we beýleki ekinleri taýýarlamagyň tabşyrygy ýerine ýetirildi. Ýerli babadaýhanlar aralyk we giçki güýzde ekilýän ekinleri ýetişdirmegiň ýetik tejribesini topladylar. Mysal üçin, Daşoguz welaýatynda ilkinji gezek güýzlük galladan boşan üç müň ýedi ýüz gektar ýerde mäş, 250 gektar m...

DOWAMY
pic
5 Ýan

KOREÝA RESPUBLIKASYNYŇ ILÇISI TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINE YNANÇ HATLARYNYŇ NUSGASYNY GOWŞURDY

2021-nji ýylyň 5-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Koreýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Ilçisi Şin Song-çol bilen duşuşyk geçirdi. Söhbetdeşligiň başynda R.Meredow Ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa türkmen-koreý hyzmatdaşlygynyň ilerledilmegine gönükdirilen işinde üstünlik gazanmagyny we belent sepgitlere ýetmegini arzuw etdi. Diplomatlar Türkmenistanyň we Koreýanyň arasynda dürli derejelerde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň i...

DOWAMY