RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
29 Awg

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ KOREÝA RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI BILEN TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIGI

2020-nji ýylyň 28-nji awgustynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Mun Çže Iniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Iki dostlukly döwletiň Baştutanlary mähirli salamlaşyp, döwletara hyzmatdaşlygyň örän wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşmak mümkinçiligine kanagatlanma bildirdiler. Netijeli gepleşikleriň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Günorta Koreýanyň ýolbaşçylygyna türkmen-koreý gatnaşykl...

DOWAMY
pic
28 Awg

MALAÝ KÄNINDE GYSYJY KOMPRESSOR BEKEDI IŞE GIRIZILMÄGE TAÝÝARLANYLÝAR

Lebap welaýatyndaky Malaý gaz käninde tiz wagtda kuwwatly gysyjy kompressor bekedi işe giriziler. Ony gurmak boýunça işleriň aglaba bölegi ýerine ýetirildi. Bekediň taslama kuwwatlylygy – ýylda 30 milliard kub metr gazy gysyp çykarmaga niýetlenendir. Türkmenabat şäherinden 80 kilometr uzaklykda Garagumda ýerleşýän Malaý käni indi 20 ýyl bäri senagat taýdan işlenilip gelinýär. Şu ýyllarda gaz çykaryjy toplum diňe bir ilatly ýerleri, şeýle hem ýurdumyzyň gündogar sebitiniň dürli ähmiýetli binal...

DOWAMY
pic
28 Awg

WAJYP TELEKEÇILIK: TELEKEÇILER AMMARLARYŇ SANYNY ARTDYRÝARLAR

Daşoguz welaýatynda birbada 30 tonna oba hojalyk önümlerini we azyk harytlaryny saklamaga niýetlenen ýurdumyzyň demirgazygynda ilkinji hususy ammaryň gurluşygyna girişildi. Toplumy S.A.Nyýazow adyndaky etrapda ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy R. Saburow gurýar. Umumy meýdany 0,7 gektar ýerde azyk önümlerini uzak wagtlaýyn we ýokary hilli saklamak üçin oňaýly şertler dörediler. Taslamada ammarlaryň ikisi we edara jaýy, şeýle hem tehniki binalar göz öňünde tutulan....

DOWAMY
pic
28 Awg

ULAG-ÜSTAŞYR GEÇELGELERI SEBITIŇ ÝURTLARYNYŇ YKDYSADYÝETINIŇ ÖSÜŞINIŇ GIREWIDIR

Türkmenistanyň çäk babatda amatly ýerleşmegi ýurdumyzyň Ýewraziýanyň möhüm üstaşyr-ulag ulgamy hökmündäki berkeýän derejesini şertlendirýär. Bu ulgamdaky bar bolan ägirt uly mümkinçilikleri dolulygyna amala aşyrmaga çalyşýan ýurdumyz hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ulaglaryň ähli görnüşleriniň — awtomobil, demir ýol, howa, deňiz ulaglarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak boýunça milli maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirýär. Şeýl...

DOWAMY
pic
27 Awg

EKOLOGIÝA DIPLOMATIÝASYNYŇ UGURLARY: BIOKÖPDÜRLÜLIGI GORAMAK

22-nji awgustda Türkmenistanyň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň onunjy maslahatynyň barşynda halkara ylalaşyklarynyň birnäçesine goşulmak barada Kararlar kabul edildi, olaryň arasynda “Ýabany haýwanlaryň göçýän görnüşlerini gorap saklamak boýunça Konwensiýa goşulmak hakynda, “Afrika-Ýewraziýanyň göçýän suw-batgalyk guşlaryny gorap saklamak boýunça Ylalaşyga goşulmak hakynda Kararlar bar. Daşky gurşawy goramak meselelerini çözmekde we ekologiýa diplomatiýasyny ilerletmek meselelerinde ýurdumyz...

DOWAMY
pic
26 Awg

KERAMIKAÇY GÜLÝARA BABAÝEWA: DÖREDIJILIGI, MAŞGALASY WE DOWAMATLYK HAKDA

Men ilkinji gezek Gülýara Babaýewanyň işleri bilen sergileriň birinde tanyşdym. Ýaş nakgaşyň žiwopis eserleri akýürekliligi we kreatiw awtorlyk tilsimi bilen özüne bendi edýärdi. Meniň olar barada öwgüli sözlerimi eşidenleriň biri onuň keramiki işleri bilenem tanyşmagy maslahat berdi. Dogrusy, men olara ýaş nakgaşyň güýmenjesidir öýdüp kän bir ünsem bermändim. Aslynda welin bar zat tersine ekeni: Gülýara Babaýewa – keramikaçy, žiwopis kompozisiýalary bolsa – döredijilik synaşyklary eken. Nepi...

DOWAMY
pic
25 Awg

DAŞARY ÝURTLY HYZMATDAŞLAR BILEN NOBATDAKY DUŞUŞYK

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň wekilleri Dubaý şäherinde geçiriljek (Birleşen Arap Emirlikleri) “EKSPO — 2020” Bütindünýä sergisiniň guramaçylyk komitetiniň ýolbaşçylary bilen göni wideoaragatnaşyk arkaly guralan duşuşyga gatnaşdylar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, biziň ýurdumyz özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin hemişe açykdyr, şol sebäpli hem daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň Watanymyzyň baý ykdysady kuwwaty hem-de häzirki zaman gazananla...

DOWAMY