SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Gazagystan Respublikasyna dostlukly sapary başlandy
2025-nji ýylyň 21-nji aprelinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly sapar bilen Gazagystan Respublikasyna ugrady. Türküstan şäheriniň Hazret Sultan Halkara howa menzilinde belent mertebeli türkmen myhmanyny Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew we beýleki resmi adamlar mähirli garşyladylar. Gazagystan Respublikasyna saparynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri Türküstan şäherindäki Hazret Sul...
Haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti “Al-Arabiýa” teleýaýlymynyň wekilleri bilen duşuşdy
2025-nji ýylyň 19-njy aprelinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa ýurdumyza sapar bilen gelen “Al-Arabiýa” teleýaýlymynyň esasy alypbaryjysy Rizwan Hanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşdy. Duşuşykda myhmanlar gaznanyň alyp barýan işleri bilen giňişleýin tanyşdyryldy. Rizwan Han dünýäde köpmillionly tomaşaçysy bolan “Al-Arabiýa” teleýaýlymynyň ýurdumyz...
Ulag arabaglanyşygyny we söwda-ykdysady utgaşygyny pugtalandyrmak ugrunda
2025-nji ýylyň 18-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde “Hereketleriň Aşgabat maksatnamasy (2024–2035) we Durnukly ulagyň onýyllygy (2026–2035) bilen baglylykda Merkezi Aziýa we Günorta Kawkaz sebitinde ulag arabaglanyşygyny we söwda-ykdysady utgaşygyny ösdürmek” atly tegelek stol geçirildi. Tegelek stoluň işine Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň hem-de halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we işgärleri, şeýle hem KHBS-iň wekilleri gatnaşdylar...
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde “Al-Arabiýa” teleýaýlymy bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2025-nji ýylyň 18-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow “Al-Arabiýa” teleýaýlymynyň esasy alyp baryjysy Riz Hanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda türkmen tarapynyň geljekde dünýä KHBS-ri bilen, hususan-da “Al-Arabiýa” meşhur teleýaýlymy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge bolan gyzyklanmasy barada bellenip geçildi. Şunuň bilen baglylykda, taraplar hyzmatdaşlygyň mümkin bolan görnüşlerini, şol sanda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň...
The President of Turkmenistan received the Ambassador Extraordinary and Plenipotentiary of the Kingdom of Saudi Arabia
On April 17, 2025, President Serdar Berdimuhamedov received the newly appointed Ambassador Extraordinary and Plenipotentiary of the Kingdom of Saudi Arabia to Turkmenistan Amer bin Ali Al-Shehri, who presented his credentials to the head of state. Expressing gratitude for the hospitality shown and noting the Kingdom’s high appreciation of Turkmenistan’s achievements in various fields, the Ambassador, taking the opportunity, conveyed warm greetings to the head of state and Hero-Arkadag on beha...
Saud Arabystanynyň täze Ilçisi Türkmenistanyň DIM-de ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy
2025-nji ýylyň 17-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Amer bin Ali Al-Şehri bilen duşuşyk geçirdi. Ilçi özüniň ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. Türkmenistanyň Daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekilini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady we türkmen tarapynyň onuň diplomatik işinde zerur bolan goldawy we ýardamlary b...
Türkmenistanyň DIM-de Gyrgyz Respublikasynyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
2025-nji ýylyň 17-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Gyrgyz Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Azizbek Madmarowyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar özara gyzyklanma bildirilýän sebit hem-de halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda, ýurtlaryň halkara guramalaryndaky başlangyçlary özara goldamak tejribesini dowam etdirmäge taýýardyklary ta...