SOŇKY HABARLAR
HALKARA AWTOULAG GATNAWLARY BOÝUNÇA TÜRKMEN-ÖZBEK BILELIKDÄKI TOPARYNYŇ MEJLISI GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 19-njy maýynda Aşgabatda Halkara awtoulag gatnawlary boýunça türkmen-özbek bilelikdäki toparynyň nobatdaky üçünji mejlisi onlaýn görnüşinde geçirildi. Duşuşyk Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň ugurdaş ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň orunbasarlarynyň derejesinde geçdi. Wideokonferensiýa görnüşinde geçirilen mejlisde iki ýurduň döwlet serhetlerinden demirýol we awtoulag ýükleriniň daşalmagy we üstaşyr geçirilmegi babatyndaky özarahereketleriň...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILLERI SAGLYGY GORAÝŞYŇ BÜTINDÜNÝÄ ASSAMBLEÝASYNYŇ 73-NJI SESSIÝASYNA GATNAŞDYLAR
2020-nji ýylyň 18-19-njy maýynda Saglygy goraýşyň bütindünýä assambleýasynyň wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly 73-nji sessiýasy geçirildi. Sessiýa BSG-niň agza-döwletleriniň Saglygy goraýyş ministrleri we ministrleriň orunbasarlary, BSG ulgamynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Çärä türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň orunbasary hem-de BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň hemişelik wekili gatnaşdylar. Maslahatyň açylyşynda...
TÜRKMENISTANYŇ HEMIŞELIK BITARAPLYGYNYŇ ŞANLY 25 ÝYLLYGY MYNASYBETLI HEM-DE TÜRKMENISTANYŇ KONSTITUSIÝASYNYŇ WE DÖWLET BAÝDAGYNYŇ GÜNÜNE BAGYŞLANAN YLMY-AMALY MASLAHAT GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 16-njy maýynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň edara binasynda “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” şygary astynda bellenip geçiljek Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli hem-de Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet Baýdagynyň gününe bagyşlanan “Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Türkmenistanyň Döwlet baýdagy: döwletlilik, adalatlylyk, parahatçylyk we ösüş” atly maslahat geçirildi. Maslahatyň iş...
AŞGABADYŇ WE ÝEREWANYŇ ÝOKARY OKUW SAZÇYLYK MEKDEPLERI WIDEO-FORMATDA USSATLYK SAPAKLARYNYNA BAŞLANGYÇ BERDILER
Maýa Kuliýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy we Komitas adyndaky Ýerewan döwlet konserwatoriýasy akademiki wokal we fortepiano boýunça master sapaklary bilen wideo gepleşik geçirdi. Ermenistanyň at gazanan artisti, professor Anna Maýilýan we Ýerewan döwlet konserwatoriýasynyň fortepiano bölüminiň dekany, professor Irina Akopýan türkmen konserwatoriýasynyň talyplary we ýaş mugallymlary bilen özüniň tejribesini paýlaşdylar. Bu duşuşyga ermeni tarapdan aýdym-saz wideo köprüsiniň dolandy...
TÜRKMENISTAN BÜTINDÜNÝÄ SÖWDA GURAMASYNA SYNÇY DEREJESINDE GOŞULMAGYŇ ÝOLUNDA
2020-nji ýylyň 15-nji maýynda Aşgabatda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlisiň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna synçy hökmünde goşulmagy hakyndaky» Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, dek şu günüň özünde türkmen tarapy Bütindünýä söwda guramasyna synçy derejesinde goşulmak üçin BSG-nyň Baş direktorynyň adyna arza-hatyny ýollady. BSG-na goşulmagyň amallaryna laýyklykda Türkmenistany...
BITARAPLYGYŇ MEKANYNYŇ DÜRLI ÖWÜŞGINLI KEŞBI — DÜNÝÄNIŇ FOTOSURATÇYLARYNYŇ IŞLERINDE
Şu gün paýtagtymyzda «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly halkara fotosergi hem-de maslahat geçirildi. Ýurdumyzyň taryhynda şanly senä — Bitaraplygyň 25 ýyllygyna bagyşlanyp guralan sergide ýurdumyzyň hem-de daşary döwletleriň suratkeşleriniň, fotosuratçylarynyň hem-de habarçylarynyň işleri görkezildi. Ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi tarapyndan guralan serginiň açylyş dabarasyna ýurdumyzyň tanymal döredijilik işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň, habar beriş serişdeleriniň wekilleri,...
DIM-DE PANDEMIÝANYŇ ÝURDUŇ DURMUŞ-YKDYSADY ÝAGDAÝYNA ÝETIRÝÄN TÄSIRLERINIŇ GOWŞADYLMAGYNYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2020-nji ýylyň 14-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda aýratyn howply ýokanç keseliň ýaýramagynyň Türkmenistanyň we sebitiň durmuş-ykdysady ýagdaýyna ýetirýän täsirini ara alyp maslahatlaşmak boýunça iş duşuşygy geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Daşary işler, Maliýe we ykdysadyýet, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrlikleriniň, Statistika baradaky döwlet komitetiniň we Merkezi bankynyň wekilleri gatnaşdylar. M...