img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
ERMENISTAN RESPUBLIKASY - ÝEREWAN
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
27 Apr

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE ÝEWROPA BILELEŞIGINIŇ ÝURDUMYZDAKY ILÇISI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 27-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Diego Ruiz Alonzo bilen duşuşygy geçirildi.  Duşuşygyň başynda taraplar Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň soňky ýyllardaky oňyn ösüşini bellediler. Taraplar ileri tutulýan taslamalaryň hem-de strategiýalaryň çäklerinde köpugurly hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we ösüş mümkinçiliklerini ara alyp m...

DOWAMY
pic
27 Apr

TÜRKMENISTAN DÖM-NYŇ GLOBAL GÜN TERTIBINIŇ ESASLANDYRYLMAGYNDA HALKARA HYZMATDAŞLARY BILEN IŞJEŇ HYZMATDAŞLYK EDÝÄR

2020-nji ýylyň 27-nji aprelinde BMG-niň Aşgabatdaky Wekilhanasynyň binasynda wideokonferensiýa görnüşinde “Durnukly Ösüş Maksatlary boýunça milli görkezijiler we Milli meýletin synlar” atly global sessiýa geçirildi.   Duşuşyga ýurdumyzda işleýän Birleşen Milletler Guramasynyň we onuň düzüm birlikleriniň wekilleri, şeýle-de Türkmenistanyň birnäçe ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, şol sanda Daşary işler, Maliýe we ykdysadyýet ministrlikleriniň, Statistika baradaky hem-de Telewideniýe, ra...

DOWAMY
pic
27 Apr

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE ÝURDUMYZDA IŞLEÝÄN HALKARA GURAMALARYNYŇ WEKILHANALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARY BILEN DUŞUŞYK

2020-nji ýylyň 27-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Birleşen Milletler Guramasynyň we Türkmenistanda işleýän  düzüm birlikleriniň wekilleri bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşykda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Sekretary jenap Antoniu Guterriş bilen golaýda bolup geçen telefon arkaly söhbetdeşligine aýratyn üns berildi. Daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti we BMG-niň Ba...

DOWAMY
pic
27 Apr

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE ÝUNISEF BILEN HYZMATDAŞLYGY ÖSDÜRMEK MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2020-nji ýylyň 27-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow bilen ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky edarasynyň ýolbaşçysy Kristin Weýgand bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (ÝUNISEF) arasyndaky uzak möhletli hyzmatdaşlygy barada belläp geçdiler. Milli derejede işlenip düzülen we durmuşa geçirilýän maksatnamalaryň netijeliligine aýratyn ünsi çekdiler. Şeýle hem sanly bilim ulgamy, saglygy g...

DOWAMY
pic
24 Apr

“Demokratiýa we hukuk” žurnalynyň nobatdaky sany

Çärýekde bir gezek neşir edilýän «Demokratiýa we hukuk» atly ylmy-amaly žurnalyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty tarapyndan çapa taýýarlanan neşir okyjylara döwlet durmuşynyň hem-de ählumumy gün tertibi boýunça halkara hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini beýan edýän makalalary hödürleýär. «Ilaty durmuş taýdan goramak ulgamynyň hukuk üpjünçiligi» diýen makalanyň awtory amala aşyrylýan giň gerimli durmuş-ykdysady özgertmeleriň we hormatly Prezidentimiz Gurbangu...

DOWAMY
pic
24 Apr

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE AWTOMOBIL ULAGLARYNYŇ HALKARA BIRLEŞIGINIŇ (IRU) BILERMENLERI BILEN ONLAÝN-DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 24-nji aprelinde Türkmenistanyň DIM-de Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşiginiň (IRU) bilermenleri bilen wideokonferensiýa görnüşinde duşuşyk geçirildi. Türkmen tarapyndan çärä Türkmenistanyň birnäçe ministrliginiň we pudak edarasynyň, şol sanda Döwlet gümrük gullugynyň, Mejlisiň, Merkezi bankyň, «Türkmenawtoýollary», «Türkmendemirýollary» we «Türkmendeňizderýaýollary» agentlikleriniň ýolbaşçylary we wekilleri, hem-de Halkara awtoulag daşaýjylarynyň türkmen assosiasiýasynyň w...

DOWAMY
pic
24 Apr

Türkmenistanyň — Bitaraplygyň mekanynyň daşary syýasaty

Daşary işler ministrligi tarapyndan çärýekde bir gezek neşir edilýän «Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy» žurnalynyň şu ýyl çapdan çykan ilkinji sany hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda 14-nji ýanwarda Aşgabatda geçirilen «Türkmenistan we halkara guramalary: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahata aýratyn orun berdi. Abraýly guramalaryň wekilleri çagyrylan şol iri maslahat «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýen şyg...

DOWAMY