RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
19 Sen

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE ÝAPONIÝANYŇ HALKARA HYZMATDAŞLYK AGENTLIGINIŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2018-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk agentliginiň (JICA) Merkezi Aziýa we Kawkaz ýurtlary boýunça departamentiniň direktory jenap Hajime Taniguçiniň ýolbaşçylygynda iş sapary bilen gelen wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda hyzmatdaş ýurtlaryň ýapon tejribesinden ugur alyp bilim almakda peýda bolýan JICA-nyň wezipesini ýerine ýetirmek boýunça okuw taslamalarynyň wajypdygy bellenildi. Ýaponiýan...

DOWAMY
pic
19 Sen

AŞ­GA­BAT­DA DÜN­ÝÄ TÜRK­MEN­LE­RI­NIŇ YN­SAN­PER­WER BIR­LE­ŞI­GI­NIŇ XXI MAS­LA­HA­TY BOL­DY

Paý­tag­ty­myz­da Dün­ýä türk­men­le­ri­niň yn­san­per­wer bir­le­şi­gi­niň XXI mas­la­ha­ty geç­irildi. Däp bol­şy ýa­ly, Türk­me­nis­ta­nyň Ga­raş­syz­lyk gü­nü­ne — äh­lu­mu­my baý­ra­ma ba­gyş­la­nyp ge­çi­ril­ýän mas­la­ha­tyň işi­ne da­şa­ry ýurt­lar­da­ky türk­men kow­çum­la­ryn­dan hem-de Wa­ta­ny­my­zyň äh­li kün­je­gin­den ge­len we­kil­ler gat­naş­dy­lar.  Dün­ýä­niň dür­li ýurt­la­ryn­da ýa­şa­ýan il­deş­le­ri­miz bi­len me­de­ni-yn­san­per­wer gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mek hoş­ni­ý...

DOWAMY
pic
19 Sen

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE “КAWASAKI HEAVY INDUSTRIES LTD” KOMPANIÝASYNYŇ ÝOLBAŞÇYSY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2018-nji ýylyň 18-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistana iş sapary bilen gelen “Kawasaki Heavy Industries Ltd” kompaniýasynyň energetika ulgamy we önümçilik enjamlary boýunça prezidenti Tasua Watanabeniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk boldy.  Duşuşygyň başynda türkmen tarapy kompaniýanyň ýolbaşçysyna 2018-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda açylyp ulanylmaga berlen karbamid öndürýän zawodyň gurluşygyna  gatnaşandygy üçin öz minnetdarlygyny aýt...

DOWAMY
pic
19 Sen

TÜRKMENISTANDAKY ÝHHG-NIŇ SEBITLEÝIN OKUW MASLAHATYNDA TERRORÇYLYGY MALIÝELEŞDIRMEK BILEN GÖREŞMEK ULGAMYNDA ÖŇDEBARYJY TEJRIBESINE GARALDY

2018-nji ýylyň 17-18-nji sentýabrynda Gazagystanyň, Gyrgyzstanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň wekilleri Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň gurnan «Terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy göreşmek: ÝHHG-niň sebitindäki öňdebaryjy tejribe» atly sebitleýin okuw maslashatyna gatnaşdylar. ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkezi bu okuw maslahaty terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy göreşmekde halkara standartlaryny we öňdebaryjy tejribesini şöhlelendirmek maksady bilen gurnady. Gatnaşyj...

DOWAMY
pic
17 Sen

MINSKDE TÜRKMEN-BELARUS SYÝASY GEŇEŞMELER GEÇIRILDI

2018-nji ýylyň oktýabr aýynyň 9-na Belarus Respublikasynyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen wekiliýetine Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew, Belarus Respublikasynyň wekiliýetine Daşary işler ministriniň orunbasary Ýe.Şestakow ýolbaşçylyk etdiler. Geňeşmeleriň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Belarus Respublikasynyň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň öňdebaryjy ugurlaryny gurşap alýan mes...

DOWAMY
pic
17 Sen

RESUL GYLYJOWYŇ ÝOLBAŞÇYLYGYNDAKY ORKESTR NURY HALMÄMMEDOWYŇ «HIROSIMANYŇ WE NAGASAKINIŇ ÇAGALARYNYŇ DIŇLÄP BILMEDIK AÝDYMLARY» ESERINI ÝERINE ÝETIRDI

Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndasky Döwlet orkestri täze möwsümi Nury Halmämmedowyň “Hirosimanyň we Nagasakiniň çagalarynyň diňläp bilmedik aýdymlary” wokal tapgyry bilen açdy. Professionallar we saz muşdaklary bu halypanyň üýtgeşik eserini ilkinjiler bolup diňlemek üçin Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky sazly-drama teatryny doldurdylar. Hirosima we Nagasakä atom bombalary taşlananda Nury Halmämmedow ýaňy 7 ýaşyndady. Ýapon çagalarynyň başyna düşen bela çagalar öýünde terbiýelenýän oglanjygyň...

DOWAMY
pic
17 Sen

TÜRKMEN TÜRGENI - ERKIN GÖREŞ BOÝUNÇA HALKARA ÝARYŞYŇ BAÝRAK EÝESI

Belarus Respublikasynyň paýtagty Minskide tamamlanan erkin göreş boýunça halkara ýaryşda 79 kilograma çenli agram derejesinde ildeşimiz Döwletmyrat Orazgylyjow kümüş medal gazandy. Ýaryşyň birinji tapgyrynda Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyby ilkinji minutda belarusly garşydaşyny pilçesiniň üstüne taşlady hem-de arassa ýeňiş gazandy. Ýarym finalda biziň türgenimiz Russiýanyň pälwany bilen duşuşdy. Bu tutluşygy hem Döwletmyrat ynamly geçirdi. Ol ilkibaşdan ýagdaýlary ele alyp,...

DOWAMY