SOŇKY HABARLAR
Eýrana türkmen ynsanperwer kömegi ugradyldy
Maşatda Türkmenistanyň Hökümetiniň we halkynyň adyndan ugradylan Eýranyň ilaty üçin ynsanperwer ýükli kömegi bermek çäresi boldy. Bu ýurduň Kermanşah welaýatynda Sarpol-e-Zahab etrabynda güýçli ýertitreme bolup, onuň derejesi Rihter ölçegi boýunça 7,4 bala ýetdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan muzdsuz berlen ýüki – derman serişdelerini ýörite awtoulag kerweni ýetirdi. Ugradylan önü...
Döwlet Baştutanymyz Owganystanyň Prezidentiniň tehnologiýa we infrastruktura meseleleri boýunça baş geňeşçisini kabul etdi
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň Tehnologiýa we infrastruktura meseleleri boýunça baş geňeşçisi Mohammad Humaýun Kaýumini kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, milli Liderimize Owganystanyň Prezidenti Mohammd Aşraf Ganiniň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Nygtalyşy ýaly, Owganystanda Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli, öňdengörüjilikli syýasatyna ýokary baha berilýär he...
Aşgabatda Owganystan boýunça 7-nji sebit ykdysady hyzmatdaşlyk maslahatynyň (RECCA VII) ministrler derejesindäki mejlisi geçirildi
Paýtagtymyzda Owganystan boýunça 7-nji sebit ykdysady hyzmatdaşlyk maslahatynyň (RECCA VII) ministrler derejesindäki mejlisi geçirildi. Onuň gün tertibine umumy abadançylygyň we rowaçlygyň maksatlaryna kybap gelýän netijeli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmegiň geljegine degişli meseleleriň giň toplumy girizildi. Ozal habar berlişi ýaly, ýakynda Aşgabatda RECCA VII iş toparynyň duşuşygy geçirildi. Ol Owganystany işjeň çekmek bilen netijeli özara hereket etmäge, umuman, ýakynlaşmak işlerini höweslen...
Gülbadam Babamuratowa – sambo boýunça 52 kg çenli agramda dünýä çempiony
Paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherjigindäki “Sport” myhmanhanasynyň maslahatlar zalynda Russiýa Federasiýasynyň Soçi şäherinde tamamlanan sambo boýunça 41-nji dünýä çempionatynda altyn medal gazanan türkmen samboçysy Gülbadam Babamuratowany sylaglamak dabarasy geçirildi. 26 ýaşly at gazanan sport ussady ajaýyp ýeňşini 52 kilograma çenli agram derejesinde gazandy. Dünýä derejesinde ajaýyp netijeleri görkezen türgen gyzymyza hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan gymmat bahaly sow...
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Muhisa Kituýi Türkmenistan bilen UNKTAD-yň hyzmatdaşlygynyň mümkinçiligi barada pikir alyşdylar
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystan boýunça 7-nji sebit ykdysady hyzmatdaşlyk maslahatyna gatnaşmak üçin paýtagtymyza gelen Birleşen Milletler Guramasynyň söwda we ösüş boýunça Konferensiýasynyň Baş sekretary jenap Muhisa Kituýini kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterreşiň tutuş türkmen halkyna aýdan abadançylyk we gülläp ösüş baradaky hoşniýetli sözlerini ýetirdi. Billeni...
Aşgabatdaky işewürler maslahatynda sebitara hyzmatdaşlygy berkitmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
Şu gün paýtagtymyzda Owganystan boýunça 7-nji sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk maslahatynyň çäklerinde işewürler maslahaty geçirildi. Oňa dünýäniň 30-dan gowrak ýurdundan döwlet düzümleriniň we işewür toparlarynyň, abraýly halkara guramalaryň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Bu çäre sebitara gatnaşyklarynyň çuňlaşdyrylmagyna, Owganystanyň gatnaşmagynda amala aşyrylýan geljegi uly maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmekde tagallalaryň utgaşdyrylmagyna, i...
Türkmenistanlylar Hasyl baýramyny giňden bellediler
Ýurdumyzda Hasyl toýunyň hormatyna paýtagtymyzda we ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda ýokary hasyl ussatlaryny sylaglamak dabaralary geçirilip, dürli medeni köpçülikleýin we sport çäreleri, maslahatlar we sergiler guraldy, bereketli saçaklar giňden ýazyldy. Esasy çäreler Aşgabadyň atçylyk sport toplumynda geçirildi, bu ýerde toýuň gahrymanlaryny- ýurdumyzyň oba hojalygyny ösdürmäge mynasyp goşant goşan öňdebaryjy kärendeçileri, mehanizatorlary, alym-agronomlary, seçgiçileri, beýleki hünärmenleri...