SOŇKY HABARLAR
Aşgabatda Owganystan boýunça 7-nji sebit ykdysady hyzmatdaşlyk maslahatynyň (RECCA VII) ministrler derejesindäki mejlisi geçirildi
Paýtagtymyzda Owganystan boýunça 7-nji sebit ykdysady hyzmatdaşlyk maslahatynyň (RECCA VII) ministrler derejesindäki mejlisi geçirildi. Onuň gün tertibine umumy abadançylygyň we rowaçlygyň maksatlaryna kybap gelýän netijeli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmegiň geljegine degişli meseleleriň giň toplumy girizildi. Ozal habar berlişi ýaly, ýakynda Aşgabatda RECCA VII iş toparynyň duşuşygy geçirildi. Ol Owganystany işjeň çekmek bilen netijeli özara hereket etmäge, umuman, ýakynlaşmak işlerini höweslen...
Gülbadam Babamuratowa – sambo boýunça 52 kg çenli agramda dünýä çempiony
Paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherjigindäki “Sport” myhmanhanasynyň maslahatlar zalynda Russiýa Federasiýasynyň Soçi şäherinde tamamlanan sambo boýunça 41-nji dünýä çempionatynda altyn medal gazanan türkmen samboçysy Gülbadam Babamuratowany sylaglamak dabarasy geçirildi. 26 ýaşly at gazanan sport ussady ajaýyp ýeňşini 52 kilograma çenli agram derejesinde gazandy. Dünýä derejesinde ajaýyp netijeleri görkezen türgen gyzymyza hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan gymmat bahaly sow...
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Muhisa Kituýi Türkmenistan bilen UNKTAD-yň hyzmatdaşlygynyň mümkinçiligi barada pikir alyşdylar
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystan boýunça 7-nji sebit ykdysady hyzmatdaşlyk maslahatyna gatnaşmak üçin paýtagtymyza gelen Birleşen Milletler Guramasynyň söwda we ösüş boýunça Konferensiýasynyň Baş sekretary jenap Muhisa Kituýini kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterreşiň tutuş türkmen halkyna aýdan abadançylyk we gülläp ösüş baradaky hoşniýetli sözlerini ýetirdi. Billeni...
Aşgabatdaky işewürler maslahatynda sebitara hyzmatdaşlygy berkitmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
Şu gün paýtagtymyzda Owganystan boýunça 7-nji sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk maslahatynyň çäklerinde işewürler maslahaty geçirildi. Oňa dünýäniň 30-dan gowrak ýurdundan döwlet düzümleriniň we işewür toparlarynyň, abraýly halkara guramalaryň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Bu çäre sebitara gatnaşyklarynyň çuňlaşdyrylmagyna, Owganystanyň gatnaşmagynda amala aşyrylýan geljegi uly maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmekde tagallalaryň utgaşdyrylmagyna, i...
Türkmenistanlylar Hasyl baýramyny giňden bellediler
Ýurdumyzda Hasyl toýunyň hormatyna paýtagtymyzda we ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda ýokary hasyl ussatlaryny sylaglamak dabaralary geçirilip, dürli medeni köpçülikleýin we sport çäreleri, maslahatlar we sergiler guraldy, bereketli saçaklar giňden ýazyldy. Esasy çäreler Aşgabadyň atçylyk sport toplumynda geçirildi, bu ýerde toýuň gahrymanlaryny- ýurdumyzyň oba hojalygyny ösdürmäge mynasyp goşant goşan öňdebaryjy kärendeçileri, mehanizatorlary, alym-agronomlary, seçgiçileri, beýleki hünärmenleri...
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow watandaşlarymyzy Hasyl toýy bilen gutlady
Ýurdumyzda Hasyl toýunyň baýram hökmünde döwlet derejesinde bellenmegi örän çuňňur many-mazmuna eýedir. Çünki bu baýram halkymyzyň sahawatly türkmen topragyndan öndüren bol hasylyna buýsanjynyň aýdyň beýanydyr, ene topraga yhlasynyň we söýgüsiniň dabaralanmasydyr-diýlip, Türkmenistanyň Prezidentiniň gutlagynda aýdylýar. Hasyl toýy türkmen daýhanlarynyň çekýän halal zähmetine döwlet derejesinde goýulýan belent sarpadan nyşandyr.Ýurdumyzda alnyp barylýan maksatnamalaýyn işleriň netijesinde Türk...
Aral etegi bilen serhetleşýän Bötendag alaňynda wajyp ekologiýa taslamasy durmuşa geçirilýär
Şu günler Daşoguz welýatyndaky Bötendag alaňynda ak we gara sazak, çerkez, gandym we beýleki agaçlary ekmek boýunça güýzki çäreler amala aşyrylýar. Bu ýerde ýurduň tokaýçylyk hojalyklarynyň müdirlikleriniň işgärleri işleýärler, ýörüteleşdirilen tehnikalar ulanylýar. Milli tokaý maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde amala aşyrylýan möwsümleýin çäreler sebitiň ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmaga gönükdirilendir. Güýzki nahal oturtmak işleriniň barşyna Bötendag alaňynda gök nahallary oturtmak...