SOŇKY HABARLAR
Tegla Lorupe: Aziýa oýunlarynyň türkmen ýörelgesiniň möhüm aýratynlygy – parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetlilikdir
Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna gatnaşan bosgunlar toparynyň ýolbaşçysy Tegla Lorupe Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna “Aşgabat 2017” oýunlaryna gatnaşmagyndaky başlangyçlary we tagallary üçin hoşallyklaryny we sagbolsunyny tüýs ýürekden beýan edip hat iberdi. Ykbalyň emri bilen biz öz Watanymyzdan uzaklara düşdük we bosgunlara öwrüldik. Dürli syýasy we ykdysady çökgünligiň netijesinde, soňky birnäçe ýylyň dowamynda bosgunlaryň hatary barha...
Olimpiýa şäherjiginde V Aziýa oýunlarynyň jemleýji ýaryşlary geçirildi
Şu gün “Aşgabat 2017” oýunlarynyň iň soňky medallar toplumlary ugrunda bäsleşikler geçirildi. Tutuşlygyna Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň jemleri boýunça Türkmenistanyň ýygyndy topary öz bäsdeşlerinden has uly tapawut bilen umumy hasapda öňdeligi eýeledi. Türgenlerimiz jemi 245 medal, şol sanda 89 altyn, 70 kümüş, 86 bürünç medal gazandylar. HHR-iň topary jemi 97, şol sanda 42 altyn, 32 kümüş, 23 bürünç medal bilen ikinji orny EYR-iň ýygyndy topary jemi 118 medal...
Medallaryň sany boýunça Türkmenistanyň ýygyndy topary öňdeligi ynamly saklaýar
Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda tamamlanmagyna bir gün galanda Olimpiýa şäherjiginiň meýdançalarynda sportuň 9 görnüşi boýunça ýaryşlar geçirildi. Watandaş türgenlerimiz sambo, kikboksing, grek-rim göreşi, küşt boýunça ýaryşlarda medallaryň 15-sine, şol sanda altyn medallaryň 4-sine mynasyp boldular. Türkmenistanyň ýygyndy topary umumy medallar sany boýunça ozalkysy ýaly birinji orny eýeläp, ýaryş sanawynda ýakyn bäsdeşlerinden artykmaçlygyny artdyrýar. Häzirki w...
TÜRKMENISTANYŇ DOPINGE GARŞY ULGAMY – V AZIÝA OÝUNLARYNYŇ ARASSALYGYNYŇ KEPILIDIR
Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň Türkmenistanda geçirilmeginde sport düzüminiň ösen ulgamy möhüm orun eýeledi. Jemgyýetiň mundan beýläk-de ösüşiniň möhüm şerti bolan sport ulgamynyň ösdürilmegine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow yzygiderli üns berýär. Alnyp barylýan giň möçberli işleriň netijesinde, paýtagtymyzda ösen halkara ölçeglerine laýyk gelýän we ýokary derejeli ýaryşlary guramaga mümkinçilik berýän täsin sport desgalaryny özünde jemleýän toplum...
“Türkmenhowaýollary” Aşgabat-Ýerewan ugry boýunça uçuşlary ýerine ýetirmäge başlaýar
Türkmenistan bilen Ermenistanyň paýtagtlaryny baglanyşdyran ýene-de bir halkara ugur – Aşgabat-Ýerewan-Aşgabat ugry “Türkmenhowaýollary” gullugynyň howa uçuşlarynyň gatnaw tertibiniň üstüni ýetirdi. Şu ýylyň awgustynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ermenistan Respublikasyna bolan resmi saparynyň barşynda bu göni howa gatnawyny açmagyň mümkinçilikleri barada gürrüň edildi. Ýokary derejede gazanylan ylalaşyklaryň örän gysga wagtda häzirki amala aşyrylyşy taraplaryň ikisini...
Türkmen ýygyndy toparynyň ýeňişleri
Şu gün V Aziadanyň çäklerinde sportuň on bir görnüşi boýunça ýaryşlar geçirildi - olardan sambo, kikboksing, erkin göreş, agyr atletika, bilýard, sport tanslary boýunça türgenlerimiz 23 medala, şol sanda 6 altyn medala mynasyp boldular. Häzirki pursada çenli Türkmenistanyň ýygyndy topary jemi 229 medala – 85 altyn, 65 kümüş we 79 bürünç medala eýe bolup, umumy hasapda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda uly tapawut bilen ynamly öňdeligi eýeleýär. HHR-iň ýygyndy t...
Oýunlarda Türkmenistanyň gazanan medallarynyň sany 200-den aşdy
24-nji sentýabrda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda biziň ýygyndy toparymyz sportuň kikboksing, sambo, erkin göreş, agyr atletika, basketbol görnüşleri boýunça uly ýeňişleri gazandylar. Şonda olar medallaryň 13-sini, şol sanda 2 altyn medal eýelediler. Türkmenistanyň ýygyndysy medallaryň umumy hasaby boýunça birinji orny ynamly eýeleýär. Geçirilen bäsleşikleriň jemleri boýunça türkmen türgenleri umuman 206 medallara eýe boldular. Olaryň 79-sy altyn, 58-si kümüş we...