SOŇKY HABARLAR
Oýunlaryň dördünji güni Türkmenistanyň öňdeligini tassyklady
Olimpiýa şäherçesinde “Aşgabat 2017” oýunlary dowam edýär. Şu gün sportuň 11 görnüşi boýunça bäsleşikler geçirildi we olaryň bäşisinde medallar ugrundaky göreşler ýaýbaňlandyryldy. Bu gün biziň ýygyndy toparymyz sportuň guşakly göreş, jiu-jitsu we agyr atletika boýunça jemi 27 medala, şol sanda 14 altyn medala eýe boldy. Bu bolsa ýurdumyzyň toparyna umumy hasap boýunça öňdeligi saklamaga mümkinçilik berdi. Oýunlaryň ähli günleri boýunça ýygyndy toparymyz jemi 89 medala - 43 altyn, 28 kümüş we 18...
Dünýä sportunyň ýyldyzlary – “Aşgabat 2017” oýunlarynyň myhmanlary
Şu günler türkmen paýtagtynda bolýan köp sanly daşary ýurtly myhmanlaryň arasynda dünýä derejesindäki sport ýyldyzlary, şol sanda köp nesilleriň söýgüsini gazanan meşhur hokkeýçi Wladislaw Tretýak hem-de belli figuryçy Irina Rodnina hem bar. Indi olar meşhur jemgyýetçilik işgärleri we sportuň wagyzçylarydyr. Olar sportuň ilçileri bolmak bilen dürli ýurtlarda diplomatik wezipäni ýerine ýetirýärler. W.Tretýak we I.Rodnina Türkmenistanda täze hakyky dostlaryny we muşdaklaryny tapdylar. Şoňa gör...
SPORT ULGAMYNDA TÜRKMEN-ÝAPON HYZMATDAŞLYGYNYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2017-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetiniň başlygy T.B. Kömekow bilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna gatnaşmak üçin Aşgabada gelen, Tokio - 2020 tomusky Olimpiýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky Ýerine ýetiriji komitetiniň prezidenti, türkmen-ýapon dostlugy parlament assosiasiýasynyň ýolbaşçysy Endo Toşiakiniň baştutanlygyndaky ýapon wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşy...
OLIMPIÝA ŞÄHERÇESINDE METBUGAT MASLAHATY GEÇIRILDI
2017-nji ýylyň 18-nji sentýabrynda Olimpiýa şäherçesiniň Media merkezinde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin metbugat maslahaty geçirildi. Maslahatyň esasy meseleleri gatnaşyklary berkitmek we Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň ýaryşlaryny şöhlelendirmek boýunça bilelikdäki tagallalaryň netijeliligini ýokarlandyrmak boldy. Duşuşyga gatnaşyjylaryň bellemegine görä Türkmenistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň sport metbugat...
Ýaryşyň üçünji gününde Türkmenistanyň ýygyndy topary 13 sanysy altyn 25 medala eýe boldular
Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň sport ýaryşlary barha ýaýbaňlanýar. 18-nji sentýabr güni sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlaryň baýrakly orunlaryna baý boldy. Ol sportda gazanylanlaryň üstüni ýetiren Türkmenistanyň ýygyndy topary üçin hem üstünlige beslendi. Şunda dürdi derejeli baýlaklaryň 25-si, şol sanda 13 altyn, 7 kümüş we 5 bürünç medallar bilen ýurdumyzyň sportda gazananlarynyň hatary artdy. Munuň özi medallaryň umumy gazanylan hasabynda öňdebaryjylygyny...
BMG-niň adam hukuklary boýunça geňeşi Hormatly Prezidentimiziň öňe süren başlangyçlaryny goldady
Dünýä bileleşigi Şweýsariýadan gelip gowşan hoş habara ýokary baha berýär, bu ýurduň Ženewa şäherinde şu günler Birleşen Milletler Guramasynyň adam hukuklary boýunça 36-njy maslahaty geçirilýär. Onda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe süren başlangyjy boýunça Türkmenistanyň “Parahatçylygy we adam hukuklaryny berkitmekde Bosgunlaryň olimpiýa toparlarynyň goşýan uly goşandyny höweslendirmek hakynda” Jarnama biragyzdan kabul edildi, soňra oňa Braziliýa hem goşuldy. BMG-niň a...
Olimpiýa stadionynda «Aşgabat 2017» oýunlarynyň açylyş dabarasy boldy
Paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň, birnäçe ýurtlaryň döwlet we hökümet Baştutanlarynyň, daşary ýurtlaryň belli hünärmenleriniň, halkara guramalarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de beýleki hormatly myhmanlaryň gatnaşmagynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň resmi açylyş dabarasy boldy. Häzirki döwürde Aşgabadyň ykrar edilen parahatçylyk söýüjilik we iri sport merkezine öwrülmegi üçin ägirt uly mümkinçilikler açylýar. Merkezi Aziýada ilkinji g...