BRIFING Türkmenistanyň başlangyçlary bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen «DURNUKLY ÖSÜŞ MAKSATLARYNY AMALA AŞYRMAK BILEN BAGLYLYKDA ULAGLARYŇ ÄHLI GÖRNÜŞLERINIŇ ARABAGLANYŞYGYNY BERKITMEK» ATLY REZOLÝUSIÝA BAGYŞ

2018-nji ýylyň 15-nji fewralynda Türkmenistanyň Ermenistandaky Ilçihanasy tarapyndan “Noýan Tapan” habarlar agentliginde  Türkmenistanyň başlangyçlary bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen «Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Rezolýusiýa bagyşlanan Brifing gurnalyp geçirildi.

Çärä Ermenistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri, Ermenistanda akreditirlenen diplomatik missiýalaryň we halkara gurmalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, diplomatlar, Ermenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, şeýle hem ýurduň ylmy intelegensiýasynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Brifinge gatnaşyjylara we habar beriş gullugynyň wekillerine 2017-nji ýylyň 20-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 74-nji mejlisiniň 72-nji ýygnagynda 74 döwletiň awtordaş bolup çykyş etmeginde Türkmenistanyň çuňňur hormatlanýan Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlary bilen kabul edilen «Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Rezolýusiýanyň kabul edilendigi ýene bir gezek aýan edildi.

Rezolýusiýanyň iş orunlaryny döretmekde, adamlaryň we jemgyýetiň işe, mekdeplere, lukmançylyk hyzmatlaryna elýeterliligini üpjün etmekde, oba ilatynyň, şäherleriň harytlar we hyzmatlar bilen üpjünçiligi guramakda, her kimiň deň mümkinçilige eýe bolmagynda hiç kimiň unudylmazlygynda logistik bölümleriň netijeliligini ýokarlandyrmaga durnukly ulag ulgamynyň ornunyň ýokarylandyrmaga bolan ygrarlylygy tassyklaýandygy bellenilip geçildi. Mundan başga-da rezolýusiýanyň sebitleýin we sebitara ykdysady goşulyşmagy, hyzmatdaşlygy, şol sanda ulag düzüminiň meýilnamalaşdyrylyşynyň kämilleşdirilmegini we onuň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyny, ulag gatnaşyklarynyň berkidilmegini hem-de söwdany we maýa goýumlary ösdürmäge ýardam bermegi höweslendirmek babatda tagallalary etmäge çagyrýandygy aýdyldy. Şeýle hem, kabul edilen BMG-niň rezolýusiýasy asyl manysynda Türkmenistanyň soňky ýyllarda halkara ulag-üstaşyr geçelgeleriniň emele gelmeginde şertleri döredip, alyp baran uly işleriniň logiki dowamy boldy diýlip bellenildi.

Brifingiň dowamynda myhmanlar Türkmen döwletiniň ulag syýasatynyň möhüm ugurlary bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar. Türkmenistanda 2018-nji ýyl “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” ýyly diýlip yglan edilendigi bellenildi. Türkmen döwletiniň ýurt baştutanynyň sözleri bilen aýdanyňda “Türkmenistan üçünji müňýyllykda täze awtomobil we demir ýollaryny, deňiz portlaryny hem-de köprüleri gurup, Beýik Ýüpek ýoluny täzeden dikeldýär”. Diňe iri ulag desgalarynyň we ýollaryň, üstaşyr geçelgeleriň gurluşygynda däl, eýsem, beýleki desgalaryň gurluşygynda hem bu konsepsiýany durmuşa geçirýäris. Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan 2018-nji ýylyň «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýen şygaryny tutuş adamzadyň nurana geljegi üçin döredijiligiň bähbidine parahatçylyk we hyzmatdaşlyk hakyndaky düşünjeleri hem-de garaýyşlary has giň gerime ýetirmek bilen, halkara giňişliginde syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsaneperwer gatnaşyklary ösdürmäge we pugtalandyrmaga uly goşant goşýar. 

Şeýle hem, soňky ýyllarda Türkmenistanda paýtagtymyzda Halkara howa menzilini, Gazagystan – Türkmenistan – Eýran demir ýolunyň gurlup ulanylmaga berilmegi, Türkmenistan – Owganystan – Täjigistan demir ýolunyň birinji nobatdakysyny, Kerki – Ymamnazar – Akina demir ýolunyň gurluşygy ýaly ägirt uly taslamalar amala aşyrylandygy nygtalyp geçildi. Türkmenbaşydaky deňiz menzili, Aşgabat-Türkmenbaşy awtomobil ýoly we beýleki desgalar gurulýar. Ýurdumyzda sebitde durnukly ösüşi, halklaryň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegini, hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyny, söwda-haryt dolanyşygynyň möçberleriniň artdyrylmagyny üpjün etjek demir ýol, awtomobil, howa we suw ulaglaryndan netijeli peýdalanmak arkaly amatly hem-de howpsuz halkara ulag geçelgeleri döredilýär.

Türkmenistan polat ýollaryň möhüm çatrygyna, Ýewraziýa sebitinde iri ulag-üstaşyr merkezine öwrülýär. Türkmen demir ýol gurluşykçylary Mary welaýatynda serhetýaka Serhetabat menzilinden Owganystanyň Turgundy şäherine çenli polat ýoly çekmek boýunça işleri işjeň alyp barýarlar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow goňşy ýurt üçin örän möhüm bolan bu taslama 2017-nji ýylyň 29-njy noýabrynda badalga berip, Owganystany Türkmenstanyň we onuň üsti bilen tutuş sebitiň ulag-logistika ulgamyna goşmaga uly mümkinçilikleri açýan demir ýoluň gurluşygyna ak pata berdi.

Türkmenistanda gurlup ulanylmaga berlen turba geçirijiler bilen birlikde ýene-de birnäçe iri turba geçirijileriň taslamalary boýunça üstünlikli iş alnyp barylýandygy habar berildi. Şolaryň biri-de 2015-nji ýylyň dekabr aýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň, Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň, Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Mohammad Nawaz Şarifiň we Hindistan Respublikasynyň Wise-prezidenti Mohammad Hamid Ansariniň gatnaşmaklarynda gurluşygyna badalga berlen «Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan» (TOPH) transmilli gaz geçirijisidir. Bu taslama bilen baglylykda, 23-nji fewralda TOPH gaz geçirijisiniň Türkmenistanyň serhetinden Owganystanyň içinden geçjek nobatdaky tapgyrynyň gurluşygyna we Türkmenistan – Owganystan – Päkistan elektrik geçirjisiniň gurluşygyna badalga berilmegi mynasybetli dabaraly çäreleriň geçiriljekdigi bellenilip geçildi.

Garaşsyz we baky Bitarap Türkmenistanda Milli Lideriň ýolbaşçylygynda ulag ýollarynyň ösmegi bu gün üstünlikli halkara hyzmatdaşlygynyň esasy şertleriniň biri bolup durýandygy bellenildi. Türkmenistanyň gurýan dostluk we oňyn hyzmatdaşlyk ýollary Birleşen Milletler Guramasy, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly iri halkara hem-de sebit düzümleriniň çäklerinde hem gatnaşyklaryň ösdürilmegine ýardam edýär. Türkmenistanyň işjeň gatnaşmagynda döredilýän täze ýollar biziň sebitimiziň Ýewraziýa giňişliginde durnukly ösüşi üpjün etmekde oňyn şertleri döredýär.