KIPRIŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇISI YNANÇ HATLARYNYŇ NUSGASYNY GOWŞURDY

2018-nji ýylyň 16-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ynanç hatlaryny gowşurmak maksady bilen türkmen paýtagtyna gelen Kipr Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (ýerleşýän ýeri Moskwa ş.) jenap Leonidas S. Markidis  bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň başynda Ilçi özüniň ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. Soňra taraplar Türkmenistanyň we Kipr Respublikasynyň hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýlaryny we ony işjeňleşdirmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistanyň oňyn bitaraplyk derejesini we sebitde hem-de tutuş dünýäde parahatçylygy we durnuklylygy berkitmäge ymtylyşyny belläp, taraplar dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmeklige bolan gyzyklanmalaryny beýän etdiler.

Şunuň bilen baglylykda, bilelikdäki şertnama-hukuk binýadyny berkitmegiň zerurlygy barada bellenildi. Syýasy-diplomatik çygrynda gatnaşyklary berkitmäge we ösdürmäge zerurlygy barada aýdyp, taraplar iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeleri yzygiderli esasda geçirmegiň wajypdygyny bellediler. Halkara gatnaşyklarynyň meselelerine geçmek bilen, taraplar halkara guramalarynň çäginde özaragatnaşyklaryny giňeltmegiň meseleleriniň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar medeni-ynsanperwer özaragatnaşyklary, şeýle hem energetika, ulag we syýahatçylyk ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmekde gyzyklanmalaryny bellediler.