Döwlet Baştutanymyz «Astana» halkara maliýe merkezine baryp gördi

Saparyň maksatnamasynyň çäklerinde günüň ikinji ýarymynda döwlet Baştutanymyz «Astana» halkara maliýe merkezine (AHMM) baryp gördi. Bu ýerde belent mertebeli myhmany AHMM-niň ýolbaşçylary mähirli garşyladylar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow merkeziň düzümi hem-de onuň işi bilen tanyşdyryldy. Onuň esasy maksady maliýe bazary babatda giň gerimli hyzmatlary hödürlemekden ybaratdyr.

Işewür hyzmatdaşlyk üçin açyk meýdança bolup durýan AHMM özüne birnäçe ugurdaş guramalary we edaralary birleşdirýär. Döwlet Baştutanymyza AHMM-niň düzümleriniň işiniň esasy ugurlary barada jikme-jik gürrüň berildi. Şol düzümleriň hatarynda Kazyýet we Halkara Orbitraž merkezi, Maliýe hyzmatlaryny düzgünleşdirmek boýunça hyzmat, Yslam maliýesi we işewürligi boýunça merkez, Ýaşyl maliýe merkezi bar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şeýle hem «AIFС» kompaniýasynyň işiniň aýratynlyklary bilen tanyşdy.

Ekspat merkezi AHMM-niň düzümleýin bölümleriniň biri bolup durýar. Ol Gazagystanda işleýän daşary ýurtly hünärmenlere degişli hyzmatlaryň edilmegini üpjün edýän “bitewi penjire” ýörelgesi boýunça hereket edýär.

https://turkmenistan.gov.tm/tk/habar/67039/dowlet-bastutanymyz-astana-halkara-maliye-merkezine-baryp-gordi