Aşgabatda ýewropaly nakgaşlaryň wideoinstallýasiýalarynyň sergisi açyldy

photo

Şu günler ýurdumyzyň paýtagtynda geçirilýän Ýewropa Bileleşiginiň Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde Döwlet çeperçilik akademiýasynyň galereýasynda Fransiýanyň, Germaniýanyň we Italiýanyň wekilleri bolan nakgaşlaryň wideoinstallýasiýalarynyň sergisi açyldy.

Myhmanlara üýtgeşik bir zatlaryň garaşýandygyny sergi zalynyň bosagasyndan ätläniňden aňsa bolýardy. Garaňky jaýyň ak diwarlarynda üýtgeşik ýordumlar we hereketli şekiller görkezilýär.

Aşgabatda ilkinji gezek guralýan wideoinstallýasiýalar sergisi bu ýere gelenleri wideoart ýaly häzirki zaman sungatynyň meşhur ugurlarynyň biri bilen tanyşdyrýar.

Nakgaşlar, has dogrusy, wideonakgaşlar Rober Kaen (Fransiýa) we Teo Eşetu (Germaniýa) wideosungatyň ýörelgesinde işleýänleriň ilkinjileridir. Rober manzaralar, haýal hereketlenýän şekiller bilen gyzyklanýar we şekillerine saz goşup, elektron sazlary synag edip görýär. Wideonakgaş Samuele Malfatti (Italiýa) Teo Eşetunyň studiýasynda işleýär, ol ençeme ýyl bäri syýahatlardan galan täsirlerini wideoinstallýasiýalarda beýan edýär.

Samuele golaýda Derwezedäki gaz kraterinden güýçli täsirlenipdir. Bu ýerde düşüren wideomateriallaryny ol Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyplary bilen bilelikde iş döretmekde ulanypdyr.

Ýigitler we gyzlar wideosungaty boýunça ussatlyk sapaklarynda birnäçe günläp wideoart üçin surata düşürmegiň aýtanlyklaryny öwrendiler, şeýle hem hereketli şekillerde synag geçirdiler. Netijede mlli äheňi we ýönekeýligi bilen sergä gelenleriň ünsüni özüne çeken umumy döredijilik işi kemala geldi.

Samuele Malfattiniň belleýşi ýaly, ýurdumyzyň taryhy-medeni mirasy bilen tanşandan soň diňe Türkmenistanda ilkinji gezek öz wideoişlerine diwar halylarynyň bezegi nukdaýnazaryndan garapdyr.

Germaniýanyň we Fransiýanyň ilçihanalarynyň goldamagynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen hyzmatdaşlykda Fransiýa institutynyň guran sergisi Çeperçilik akademiýasynyň sergi zalynda 31-nji oktýabra çenli dowam eder.

Mundan başga-da, 28-nji oktýabrda Fransiýa institutynyň «Nadar» galareýasynda «Wideosungaty» sergisi açylar. Isleg bildirýänler bu ýere mugt girip bilerler.

https://turkmenistan.gov.tm/tk/habar/67391/asgabatda-yewropaly-nakgaslaryn-wideoinstallyasiyalarynyn-sergisi-acyldy