Ummanyň aňyrsyndan gelen dostlar bilen hyzmatdaşlyk

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň Milli miras merkeziniň direktory Erik Katalfamo we şu merkeziň halkara gatnaşyklary boýunça analitigi Enn Kompton türkmen kärdeşleri bilen ikitaraplaýyn medeni gatnaşyklary ara alyp maslhatlaşmak üçin ýurdumyza geldiler.

Olar saparyň çäklerinde Lebapda, Maryda we Ahalda AFCP (Medeni mirasy goramak boýunça ilçiniň gaznasynyň) desgalaryna we Aşgabatda Türkmen halysynyň milli muzeýine baryp gördüler. 

Gezelenç guraýjy Maýa Ataýewa haly muzeýinde myhmanlary gadyrly garşy aldy. Ol ummanyň aňyrsyndan gelen myhmanlara türkmen halkynyň durmuşynda halyçylygyň ähmiýeti barada gürrüň berdi we muzeýiň baş gymmatlygy – 2001-nji ýylda dokalan, 2003-nji ýylda bolsa Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen «Türkmeniň Altyn asyry» äpet haly, şeýle hem 1942-nji ýylda dokalan «Türkmen kalby» halysy bilen tanyşdyrdy. 

Iki gaty eýeleýän muzeý ekspozosiýalarynda ýüzlerçe haly saklanylýar, gezelenç guraýjy olaryň her biriniň özboluşlylygy barada gyzykly gürrüň berdi. Myhmanlar bir tarapy teke gölli, beýleki tarapy ýomut gölli ikitaraplaýyn hala geň galdylar. Hatda suw hem geçmeýän şeýle syk dokalan haly, şeýle hem sapaklaryny kesmek üçin 5-6 dürli gaýçy gerek bolýan 3D haly olarda uly täsir galdyrdy. Reňkleriň 116 röwüşi siňdirilen «Seýit Jemal-ed-din metjidi» halysy olaryň ünsüni çekdi.

Gören halylaryndan täsirlenen hanym Enn Komptonyň özüniňem haly dokasy geldi. Maýa Ataýewanyň görkezmeleri bilen ol tarada çitim çitdi.

– Meniň arheolog bilimim bar – diýip, Enn Kompton gürrüň berdi, – ilkinji nobatda, Gadymy Merw, Soltan Sanjaryň aramgähi we Türkmenistanyň beýleki arheologiýa ýadygärlikleri mende uly täsir galdyrdy. Ýöne üýtgeşik halylara syn edenimde mende «Türkmen taryhynda halylaryň nähili ähmiýeti bar?»- diýen sowal döredi.

– ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň Medeni miras merkeziniň ýolbaşçysy hökmünde men Türkmenistandaky gazuw-agtaryş işleriniň 8-sinde hyzmatdaşlygymyzyň netijelerini görýändigime begenýärin – diýip, Erik Katalfamo gürrüňini dowam etdi – Men türkmenleriň gadymy ýadygärliklere sarpa goýýandyklaryna begenýärin. Kärdeşim Enn Komptonyň ýaňy çiten çitimi, goý, gadymy gymmatlyklary saklamak boýunça biziň berk hyzmatdaşlygymyzyň nyşany bolsun.

https://turkmenistan.gov.tm/tk/habar/67390/ummanyn-anyrsyndan-gelen-dostlar-bilen-hyzmatdaslyk