Moskwada türkmenleriň etnografiýasy boýunça maslahat geçirildi

27-nji oktýabrda Russiýanyň ylymlar akademiýasynyň Etnologiýa we antropologiýa instituty «Türkmenistanyň medeni mirasy: etnografiýa aspekti» at bilen türkmenleriň etnografiýasy boýunça seminar gurady.

Çäräniň çäklerinde RYA-nyň Etnologiýa we antropologiýa institutynyň neşir edýän «Türkmenleriň etnografiýasy» kitaplar tapgyry bilen tanyşdyrylyşy boldy. Neşire girizilen ylmy işler türkmenleriň etnografiýasy temasyndan türkmen senetçiligine bagyşlanypdyr we suratlar ýerleşdirilipdir.

Russiýadan türkmen halkynyň taryhyny we medeniýetini öwrenýän hem-de gündogarşynas-türkşynas alymlar bu çärä gatnaşdylar. Wideoaragatnaşygy arkaly geçirilen maslahata Sank-Peterburgly alymlar hem gatnaşdylar.

Çärede «Halklar we medeniýetler» tapgyryndan hünärmenler toparynyň ýazan «Türkmenler» monografiýasy ara alnyp maslahatlaşyldy.

https://turkmenistan.gov.tm/tk/habar/67432/moskwada-turkmenlerin-etnografiyasy-boyunca-maslahat-gecirildi