Zehinli artist: Atajan Baýramdurdyýew gurjak teatrynda we kino düşürmek işleri barada

Ýakyn wagtda türkmen kinoteatrlarynda adybir dessan esasynda surata düşürilen ýiti ýordumly «Hüýrlukga - Hemra» filmi görkeziler. Entek surata düşürilen şekiller işlenilýän wagty biz baş keşpleriň birini döreden – Türkmen döwlet gurjak teatrynyň artisti Atajan Baýramdurdyýew bilen söhbetdeş bolduk.
Ol ençeme filmde surata düşdi, gysga metražly filmleriň režissýory hökmünde özüni synady, Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginň baýragyna mynasyp boldy, şeýle hem teatr döredijiligi V Halkara wirtual set festiwal bäsleşiginiň laureaty boldy.
Kärine ökde artist bolsa-da, Atajan Baýramdurdyýew käriniň esaslaryny öwrenmegi goýmaýar. Ol häzirki wagtda Kazan döwlet medeniýet institutynyň talyby we «Teatr we kino režisýory» ugrundan diplom almaga taýýarlanýar.
Ol heniz ýetginjek döwri döredijilik ýoluna düşdi, obalaryndaky mekdepde geçirilýän çeper höwesjeňleriň konsertlerine gatnaşardy, mekdep durmuşyndan sahnajyklar goýardy, tizara oňa «Aktýor» lakamyny dakdylar. Şonuň üçinem ol mekdebi tamamlan badyna teatra işe durdy.
– Näme üçindigin-ä bilemok welin, men hut Gurjak teatryny saýladym – diýip, Atajan Baýramdurdyýew gürrüň berýär – Bu ýere ilki gelemde sungata gulluk etmäge uly höwesimden gaýry hiç zadym, hat-da ýörite bilimimem ýokdy. Şol sebäplem sahna boýunça kömekçi bolup işledim, artistleriň işleýşine syn etdim. Şol döwürem okamagy ýüregime düwdüm.
2006-njy ýylda Puşkin adyndaky Döwlet rus drama teatrynyň ýanynda ýaş aktýorlar üçin mekdep-studiýasy açyldy. Atajan Baýramdurdyýewem ilkinji studiýaçylaryň hataryna goşuldy. Gündiz drama teatrynyň artistiniň ussatlyk syrlaryny öwrense, gijelerine gurjaklar bilen işlemegiň syrlaryny ele aldy.
Teatr studiýasyny tamamlandan soň ýaş aktýory kiçeňräk wideoşekile düşmäge çagyrdylar. Atajanyň işleýşini gören tanymal kinorežissýor ony öz filmine surata düşmäge çagyrdy. Şondan bäri ol ençeme milli taryhy kinofilmlerde surata düşdi, olardan «Magtymguly», «Beýik Ýüpek ýoly» we beýleki filmleri agzasa bolar.
Aktýor her işine ykjam taýýarlanýar, çünki taryhy gahrymanlaryň keşbini döretmek – jogapkärli iş. Filmdäki söweş sahnalaryndaky keşbini ynandyryjylykly janlandyrmak üçin ähli tilsimleri onuň özi ýerine ýetirýär.
Atajan Baýramdurdyýew teatr sungaty muşdaklaryny Türkmen döwlet gurjak teatrynyň spektakllaryna çagyrýar. Şu günler bu ýerde çagalar we ulular üçin spektakllar görkezilýär.
https://turkmenistan.gov.tm/tk/habar/67584/zehinli-artist-atajan-bayramdurdyyew