AŞGABATDA HIMIÝA DERSI BOÝUNÇA HALKARA INTERNET BÄSLEŞIGI GEÇIRILÝÄR

photo

2022-nji ýylyň 14-nji noýabrynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda himiýa boýunça Halkara internet olimpiýadasy öz işine başlady. Oňa Russiýanyň, Belarus Respublikasynyň, Gazagystanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjikistanyň, Hytaýyň, Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Wengriýanyň, Ukrainanyň, ABŞ-nyň, Awstriýanyň, Ispaniýanyň, Italiýanyň, Malaýziýanyň we umumy alanyňda ýigrimiden gowrak dünýäniň beýleki döwletleriniň 80 sany ýokary okuw jaýlaryndan ýaş Mendeleýewçileriň üç ýüzden gowragy gatnaşdylar.