Türkmenistanda ilatyň ýaşaýşynyň ýokary amatlylygy üçin täze “Akylly şäher” gurulýar

Türkmenistanda geçen ýylyň ahyrynda Ahal welaýatynyň täze dolandyryş merkezine Arkadag şäheri adynyň dakylmagy möhüm ähmiýetli waka boldy. Bu şäher ýurduň Halk maslahatynyň Milli geňeşiniň karary esasynda Arkadag adyna eýe boldy. Ermenistanyň “Arminfo” habarlar gullugynyň Türkmenistanda akkreditirlenen habarçysy Marianna Mkrtçýan täze gurulýan Arkadag şäheri barada gyzyklanma bildirip, Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Muhammetgeldi Aýazow bilen duşuşdy.
- Salam jenap Ilçi, Size Ahal welaýatynyň täze dolandyryş merkezi barada interwýu boýunça duşuşmaga razylyk berendigiňiz üçin minnetdarlyk bildirýärin. Bu waka Türkmenistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde häzirki wagtda giňden beýan edilýär. Şäheriň gurluşygy üçin ýer saýlananda haýsy ýagdaýlar göz öňünde tutuldy we bu babatynda ileri tutulan ugurlar barada aýdyp berseňiz?
- Uly höwes bilen. Şäheriň gurluşygy ilki bilen onuň guruljak ýerini saýlamak bilen başlady. Ýer saýlananda, tebigy, howa şertleri, seýsmiki, inženerçilik infrastrukturalarynyň bolmagy ýaly köp ýagdaýlar hasaba alyndy. Ahal welaýatynyň dolandyryş merkezi bolan täze Arkadag şäheri Köpetdagyň dag gerişleriniň eteginde, gözel ýerde ýerleşýär. Bu ýer baglar we tokaýlyklar bilen gurşalyp alnandyr. Bu tebigy şertler şäheriň ekologiki we klimat gurşawyna oňyn täsirini ýetirýär. Şäheriň gurluşygy üçin umumy meýdany 1000 gektardan köp bolan meýdan bölünip berildi.
Biziň döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygy astynda Ahal welaýatynyň täze dolandyryş merkeziniň gurluşyk sebitiniň tebigy gözelligini saklamak üçin hem şäher medeniýeti hem ekologiýa babatynda nusga bolmagyna bu şäheriň gurluşygynyň barşyna aýratyn üns berildi. Ähli ýerde bolşy ýaly, bu ýerde hem “akylly” şäher konsepsiýasyny durmuşa geçirmäge üns berilýär. Ýeri gelende “akylly” şäher konsepsiýasynyň şäher gulluklaryny we edaralaryny dolandyrmagy, ilatyň ýaşaýyş durmuşynyň hilini ýokarlandyrmagy üpjün edýän bitewi ekoulgamy döretmek arkaly öňdebaryjy maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň integrasiýasyna esaslanýandygyny bellemek gerekdir.
- Ýagny, şäher öňdebaryjy halkara standartlaryna laýyklykda gurulýar diýip aýdyp bolar, şeýlemi? Bu konsepsiýa öz içine nämeleri alýar we bu adamlaryň ýaşaýyş durmuşynyň hiline nähili täsirini ýetirer?
- Bu konsepsiýa öz içine ilatyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini ulgamlaýyn kämilleşdirmäge, häzirki zaman sanly hyzmatlarynyň elýeterliligini üpjün etmäge alyp barýan, şeýle hem şäher infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmakda we tehniki enjamlaryň ýagdaýyna gözegçilik etmekde birnäçe elementleri öz içine alýar.
Ahal welaýatynyň Arkadag şäheriniň ekologiýasy barada aýdanymyzda ýene bir bellemeli zat – ýol we jemagat infrastrukturasynyň gurluşynyň aýratynlygydyr.
Ýollaryň gurluşygynda degişli gulluklara howpsuzlygy, ekologiýasy we ýaşaýşyň amatlylygyny üpjün etmäge ýardam edýän enjamlar we materiallar ulanylýar.
Ýene bir ugurlaryň biri görüş taýdan gözegçilik etmek we ýagdaýlara gaýtadan seretmek mümkinçiligi bilen şekilleri awtomatiki ýagdaýda seljermäge niýetlenen wideogözegçilik ulgamy bolup durýar (şahslary, döwlet awtomobil ulag belgilerini, adaty bolmadyk ýagdaýlary awtomatiki ýagdaýda tanamak).
- has uly şäherlerde ýollarda awtomobilleriň köplügi säbäpli bökdençlikleriň bolýandygy hiç kim üçin syr däl, bu sürüjiler üçin hakyky meseleleriň biri bolup durýar. Bu ýagdaýyň öňüni almak üçin şäheriň gurluşygynda göz öňünde tutulan zatlar barmy, eger göz öňünde tutulan bolsa onda haýsy çözgütler hödürlenýär?
Hawa, hakykatdan köçelerde ulaglaryň köplügi sebäpli bökdençlikler – häzirki zaman şäheriniň oňyn bolmadyk meseleleriniň biri bolup durýar, bu güýçli depginli ulag hereketleri bolan ähli ilatly nokatlarda ýiti meseledir. Olaryň oňyn bolmadyk täsirleri logistika, zähmet öndürijiligi, ekologiýa we birnäçe beýleki ugurlara ýaýraýar.
Ulag ulgamyny dolandyrmak – bu ulgamyň böleklerini hem öz aralarynda hem daşky gurşaw bilen utgaşdyrmak, gurnamak we tertipleşdirmek arkaly bu ulgamyň netijeli hereket etmegine gönükdirlen dürli çäreleriň jemi bolup durýar. Intellektual ulag ulgamy (IUU) -awtomobil akymlaryny dolandyrmak üçin innowasion oýlap tapyşlary amala aşyrýan dolandyryş ulgamydyr. Şeýle ulgamlary ulanmagyň netijesinde biz “akylly ýollar” diýlip atlandyrylýan ýollary alýarys.
IUU bir düzüjisi “Akylly swetofor” bolup durýar, bu ulgam Türkmenistanyň çäginde ilkinji gezek ornaşdyrylýar. Bu ulgam sürüjilere ýollardaky bökdençlikleri aradan aýyrmakda wagty azaltmaga mümkinçilik berer. Ulgam atmosfera zyňylýan zyýanly maddalaryň mukdaryny azaltmaga mümkinçilik berýär.
Ahal welaýatynyň Arkadag şäheride jemgyýetçiilik awtomobil ulagy ulanylanda elektromobillere we elektrobuslara geçmeklik meýilleşdirilýär. “Akylly sewtofor” ulgamy ulanmak bilen bilelikde elektroulagyna bölekleýin geçmek hem şäheriň ekologiki gurşawyna oňyn täsirini ýetirýär. Elektroulag daşky gurşawa zyýanly zyňyndylary azaltmaga ýardam edýän geljegiň ulagy bolup durýar.
Ahal welaýatynyň Arkadag şäheriniň pyýada ýol geçelgelerinde görüşi pes bolan şahslaryň hereketleriniň ugruny kesgitlemek üçin taktil ýerüsti görkezijileri (TÝÜG) gurnalýar. Bu olaryň sosial gurşawa uýgunlaşmagy üçin möhüm serişdeleriň biri bolup durýar. Ýollaryň pyýada geçelgelerinde we duralga zolaklarynda gurnalan TÝÜG umumy uzynlygy 130km. bolup durýar. Şeýle hem, kömekçi tehniki serişdeleriniň (pyýada ýollarynyň swetoforlarynyň) gurnalmagy göz öňünde tutulýar, bular ýoldan geçilende adamlara kömek eder. Pyýada geçelgelerinde ses duýduryşlarynyň we taktil belgileriniň ulanylmagy görüşi pes bolan şahslara şäherde howpsuz we özbaşdak hereket etmäge ýardam berer.
- Raýatlar üçin ýaşyl zolag barada aýdyp berseňiz, baglaryň ýa-da dynç alyş zolaklarynyň gurluşygy meýilleşdirilýärmi? Eger şeýle bolsa, onda ýurduň yssy klimatyny hasaba almak bilen baglara nähili ideg ediler? Siz bu barada näme aýdyp bilersiňiz?
Şäheriň ýaşaýjylarynyň işjeň dynç almagy üçin saglyk bagynyň gurulmagy göz öňünde tutulýar, bu ýerde işjeň dynç almak we çäreleri geçirmek üçin meýdançalar, ylgalýan we tigir sürülýän ýodalar, dynç almak üçin selärler we stoluň üstünde oýnalýan oýunlar üçin selärler ýerleşer. Şäherde bag zolaklarynda şeýle hem umumy uzynlygy 14 km bolan tigir sürülýän ýodalar bolar.
Ýollar ýagtylandyrylanda elektrik energiýasyny tygşytlamak üçin diod çyralary ulanylar.
Ahal welaýatynyň dolandyryş merkeziniň jemagat infrasturkturasy barada aýdylanda, suw serişdelerine aýawly çemeleşmäni bellemek bolar. Ähli ýollarda ýagyşy kabul edijiler gurnalýar we umumy toplaýjy tor gurulýar. Suw arassalaýjy desgada toplanýar, bu ýerde ol nebit önümlerinden we zir-zibillerden arassalanýar we soňra howuza düşýär.
Şäheriň taslamasynda şeýle hem toprak suwlarynyň derejesini peseltmek üçin drenaž ulgamy hem göz öňünde tutulandyr, munda hem suwlar toplanýar we howuza düşýär.
Howuzlarda ähli toplanan suwlar saklanýar we ikinji gezek ulanmak üçin, has takygy gurulýan şäherde ekilen baglary suwarmak üçin taýýarlanylýar. Şunlukda, suw serişdeleriniň tygşytlanmagy üpjün edilýär (“Garagum derýadan” suw almak azalýar), biziň bilşimiz ýaly suw serişdeleriniň ýetmezçiligi bolsa global meseleleriň biri bolup durýar.
- Jaýlaryň tehniki enjamlaşdyrylyşy nähili? Gurluşykda innowasion çemeleşmeler ulanyldymy, we bu jaýlaryň ýaşaýjylarynyň nähili artykmaç mümkinçilikleri bolar?
Bir müň gektardan köp bolan çäkde 368 jaýyň ýerleşdirilendigini belläsim gelýär. Bu jaýlaryň hemmesi “Akylly jaý” ulgamy bilen enjamlaşdyrylandyr. 11652 maşgalalar häzirki zaman ýokary amatlyklary bolan we iň soňky halkara standartlaryna laýyklykda enjamlaşdyrylan jaýlarda ýaşamaga mümkinçilik alýar.
Birinjiden, Ahal welaýatynyň Arkadag şäheriniň köp binalarynda dürli maksatly galdyryjy gurluşlaryň (liftleriň) gurnalýandygyny belläsim gelýär, olaryň umumy mukdary 1000-den gowrakdyr.
Liftleriň ýokary hilli we ýokary tehnologiki hyzmat etmegini üpjün etmek üçin olaryň işine gözegçilik etmegiň merkezleşdirilen dispetçerçilik ulgamyny (serwer) döretmek göz öňünde tutulýar. Her liftden tehniki maglumatlar serwere geçirilýär. Bu enjamlaryň könelmegini hasaba almaga we öz wagtynda öňüni alyş we meýilnamalaýyn abatlaýyş işlerini geçirmäge mümkinçilik berer. Howpsuzlyga gözegçilik etmegi bolsa liflerde we tehniki jaýlarda gurnalan kameralar üpjün eder. Bu liftlerde Braýl elipbiýi we sesli duýduryşy bolan düwmeleri ulanmak hökmanydyr.
Mundan başga hem Ahal welaýatynyň Arkadag şäheriniň täze ýaşaýyş jaýlarynda ýitginiň bolmazlygyny we howpsuzlygy üpjün etmek üçin her bir öýde umumy gözegçilik ulgamy gurnalýar, munuň kömegi bilen her bir ýaşaýjy öz öýüniň ýagdaýyna gözegçilik edip biler.
Bu ulgam bäş sany esasy birlikleriň gurnalmagyny öz içine alýar: Gözegçilik etmegiň awtomatiki ulgamy we energiýa çeşmelerini dolandyrýan sçýetçigi (GEAUEÇD); metanyň syzma datçigi; suwuň syzmasynyň datçigi; gazy w suwy ýapýan klapanlar; kontrollerler.
“Akylly öýüň” programma üpjünçiliginiň energiýa çeşmeleriniň sarp edilmegine gözegçilik etmäge we heläkçilikler barada habarnama almaga mümkinçilik berjekdigine siziň ünsüňizi çekesim gelýär. Muny elektrik energiýasynyň, suwuň (gyzgyn we sowuk), gazyň sçýetçikleriniň Merkezi gözegçilik edijä birikdirilmeginiň hasabyna mümkindir. “Akylly öý” programma goşundysynyň kömegi bilen öýüň ýaşaýjysy tölegleri yzarlap we öz wagtynda töläp biler. Ähli sçýetçikleriň görkezijileri degişli gulluklaryň tanyşmagy üçin elýeterli bolar. Ähli öýlerde gurnalan metanyň syzmasynyň datçikleri bolsa öýde partlama howply ýagdaýlaryň we ýaşaýjylaryň gaz bilen zäherlenmeginiň öňüni almaga gönükdirilendir. Suwuň syzma datçigi bolsa öz gezeginde öýüň suw almak ähtimallygyny we onuň abatlanylmagyna goşmaça harajatlary aradan aýyrmaga mümkinçilik berýär. Datçiklerden ähli duýduryşlar AKYLLY ÖÝ ulgamyny dolandyrýan Merkezi kontrollere barýar, ol ýerden hem mesele barada habarnama SMS habary arkaly şol sanda öýüň eýesine iberilýär.
Ýokarda aýdylanlary jemlemek bilen, AKYLLY ÖÝ ulgamynyň öz eýesine öz öýüni uzakdan gözegçilikde saklamaga, şol sanda özüne we goňşularyna ýitgilerini azaltmaga mümkinçilik berýär diýip arkaýyn aýdyp bolar.
Türkmenistan täze özgertmeler ýoly bilen “akylly” şäherler konsepsiýasyny durmuşa geçirmäge esasy üns berýär. Ahal welaýatynyň täze dolandyryş merkezi hem täze şäher medeniýeti, hem ekologiýa nukdaýnazaryndan nusga bolmalydyr.
Şunuň bilen baglylykda, şäherde 8 sany mekdepleriň (720 orunlyk), 19 sany çagalar baglarynyň (320 orunlyk), 10 müň tomaşaça niýetlenen stadionyň, Saglyk öýleriniň, köpugurly keselhananyň, medeni dynç alyş merkezleriniň, döwlet edaralarynyň gurulýandygyna ünsüňizi çekesim gelýär.
Şeýlelikde, ýakyn wagtlarda Köpetdagyň eteginde ýaşamak üçin ähli amatlyklary bolan häzirki zaman şäheri peýda bolar, bu bolsa Watanymyzyň ösüşiniň ýene bir aýdyň subutnamasyna, şeýle hem halkymyzyň buýsanjyna öwrüler.
Jenap Ilçi, gyzykly gürrüňdeşligiňiz üçin sag boluň
Gürrüňdeşligi Arminfo habarlar gullugynyň habarçysy
Marianna Mkrtçýan alyp bardy