Ermenistanyň Daşary syýasat edarasynda geçirilen duşuşyk.

2023-nji ýylyň 23-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Muhammetgeldi Aýazow Ermenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mnasakan Safarýan bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ähli ugurlary, iki dostlukly döwletiň halkara guramalarynda hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem, Türkmenistanyň Ermenistanda medeniýet günlerini, akyldar şahyr Magtymgulynyň 300 ýyllygy boýunça çäreleriň geçirilmegi, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Ermenistanyň Daşary işler ministrliginiň Diplomatiki mekdebiniň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmek baradaky meseleleriň üstünde hem durlup geçildi.