TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 77 million dollaryndan gowrak boldy

photo

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 46-sy hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň we Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini, BAE-niň, Özbegistanyň, Owganystanyň we beýleki ýurtlaryň telekeçileri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen uçar kerosinini hem-de gidroarassalanan dizel ýangyjyny satyn aldylar.

Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna Türkiýäniň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Ermenistanyň, Irlandiýanyň we Serbiýanyň telekeçilerine boýalan tüýjümek önümler, nah ýüplük, buýan köküniň gury ergini we portlandsement ýerlenildi. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 77 million dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň telekeçileri jemi bahasy 25 million 396 müň manatdan gowrak bolan, nah ýüplügi satyn aldylar.

https://turkmenistan.gov.tm/tk/habar/69673/tdhcmb-nyn-sowdalarynda-gelesiklerin-umumy-bahasy-abs-nyn-77-million-dollaryndan-gowrak-boldy

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin umumy bahasy 75 million 500 müň manada deň bolan “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen gyzdyrylan nebit koksuny hem-de Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen gaplaýyş plýonkasyny satyn aldylar.