Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher Halk Maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary

Türkmenistanyň Mejlisiniň kararyna laýyklykda, şu gün, 2023-nji ýylyň 26-njy martynda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher Halk Maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary öz işine başlady.

Ir säher bilen Ermenistan Respublikasynyň çägindäki Türkmenistanyň raýatlary özleriniň raýatlyk borçlaryny berjaý etmek üçin Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Ilçihanasynyň ýanynda döredilen 1-nji saýlaw uçastogyna ses bermäge geldiler.