GAR-da geçirilýän dünýä çempionatynda Türkmenistanyň hokkeýçileri tailandlylardan üstün çykdylar

photo

«A» toparçanyň üçünji diwizionynda Keýptaunda geçirilýän dünýä çempionatynda Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň hokkeýçileri üçünji tapgyrda Tailandyň toparyny 6:3 hasabynda ýeňip, ikinji ýeňiş gazandy.

Bu olaryň dünýä çempionatynda ilkinji duşuşygydy. Şu oýundan öň toparlar bir gezek ýeňiş gazanyp hem bir ýeňlişe sezewar bolup, ýaryşda goňşy orun eýeleýärdiler.

Tailandlylar birinji tapgyrda Taýwanyň ýygyndysyndan 2:11 hasabynda utulyp, ikinji tapgyrda Lýuksemburgy toparyny 10:2 hasabynda ýeňmäne başardy. Birinji oýunda Türkmenistanyň topary dünýä çempionatynyň meýdança eýeleri GAR-yň toparyndan 6:9 hasabynda ýeňildi, soňra lýuksemburgly garşydaşlaryny 4:1 hasabynda utdy.

Türkmenistanyň we Tailandyň hokkeýçileri ilkinji 20 minutda goraga uly üns berip, seresaply oýnadylar. Netijede hasap açylmany galdy.

Ikinji döwür toparymyzyň esli artykmaçlygynda geçdi. 24-nji minutda Arslan Geldimyradow oýunçy artykmaçlygyndan ýerlikli peýdalanyp, Türkmenistanyň toparyny öňe çykardy - 1:0. Iki minutdan soň Öwezguly Esenow hasaby 2:0 ýetirdi. 30-njy minutyň ahyrynda Arslan Nuryýew Gurbanmyrat Taňňyýewiň beren şaýbasyny tora saldy, netijede toparlar 3:0 hasabynda Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň peýdasyna ikinji arakesmä çykdylar.

Üçünji döwür başlandan 42-nji minutda Pawel Barkowskiý Nowruz Baýramowa amatly ýagdaý döretdi, netijede toparymyzyň artykmaçlygy 4:0 ýetdi.

48-nji minutda tailandlylar bir şaýba saldylar. Şondan iki minut geçensoň Baýmyrat Baýmyradow şaýba tapawudyny dörde ýetirdi – 5:1.

Hokkeýçilerimiz aňsat ýeňiş gazanaýjak ýalydy. Emma ýagdaý beýle bolmady. 54-nji we 57-nji minutlarda Jan Mikael Isaksson iki iki gezek tapawurlandy – hasap 3:5 boldy.

Oýnuň tamamlanmagyna 1 minut 55 sekunt galanda tailandlylar oýny halas etmek umydy bilen töwekgellik edip, derwezebany altynjy oýunça çalyşdylar. Duşuşygyň iň soňky minutynda Baýmyrat Baýmyradow garşydaşlaryň zolagynda şaýbany alyp, oýnuň gutarmagyna 28 sekunt galanda ony garşydaşlaryyň boş toruna saldy, netijede duşuşyk 6 3 ildeşlerimiziň hasabyna tamamlandy.

Oýundan soň hokkeýçilerimiziň ikinji ýeňşiniň hormatyna 2800 tomaşaça niýetlenen Buz bekediniň «Grandwest» arenasynda Türkmenistanyň gimni ýaňlandy, eminler Tailandyň milli ýygyndysyndan goragçy Ken Edwin Kindborny we Türkmenistanyň toparyndan garşydaşlarynyň derwezesine iki şaýba geçiren Baýmyrat Baýmyradowy duşuşygyň naýbaşy oýunçylary diýip yglan etdiler.

Ertesi Keýptaun şäherinde geçirilýän dünýä çempionatynda ýene iki oýun geçirildi, onda Taýwanyň topary Lýuksemburgdan 10:0 hasabynda üstün çykdy we GAR-yň topary Tailanddan 2:5 hasabynda ýeňildi.

Şeýlelikde, soňky tapgyrdan öň Türkmenistanyň milli ýygyndysy Taýwanyň toparyndan üç utuk az toplap, alty utuk bilen ikinji orunda barýar. Tailandyň hokkeýçileri hem alty utuk bilen üçünji orunda, ýöne olar ýaryşdaky çykyşlaryny eýýäm tamamladylar. Degişlilikde üç utukly we utuksyz GAR-yň we Lýuksemburg toparlary soňky orunlarda.

Ýaryşyň jemleýji güni GAR-yň hem-de Lýuksemburgyň, Türkmenistanyň we Taýwanyň ýygyndylary duşuyşarlar. Soňky garşydaşlaryň bäsleşiginde birinji ornuň ykbaly kesgitlener. «A» toparçanyň üçünji diwizionynyň ýeňijisi has güýçlileriň «B» ikinji diwizionynyň geçer.

https://turkmenistan.gov.tm/tk/habar/71759/gar-da-gecirilyan-dunya-cempionatynda-turkmenistanyn-hokkeycileri-tailandlylardan-ustun-cykdylar