Bosgunlary goldamak boýunça tagallalary güýçlendirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

photo

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň Müdirliginiň (BMG ÝKM) Merkezi Aziýa boýunça wekili Hans Fridrih Şödder bilen duşuşyk geçirildi. Bu barada ýurdumuzyň migrasiýa gullugynyň resmi web-saýtynda habar berilýär.

Duşuşygyň dowamynda taraplar ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasy bilen alyp barýan gatnaşyklarynyň geljegi we mümkinçilikleri barada pikir alşyp, olaryň ileri tutulýan ugurlaryny ara alnyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň BMG hem-de onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen strategiki hyzmatdaşlygynyň oňyn we işjeň tejribesi bellenildi.

BMG ÝKM-niň wekili Türkmenistanyň raýatsyzlygyň soňuna çykmak boýunça Türkmenistanyň alyp barýan işlerini aýratyn nygtap, halkara borçnamalaryndan gelip çykýan wezipeleriň hem-de ynsanperwer başlangyçlaryň mundan beýläk hem dowam etjekdigine ynam bildirdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlygynyň barha giňeýändigi barada aýdyp, migrasiýa babatdaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna uly ynam bildirdiler.

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wekilleri 13-nji aprelde Gazagystan Respublikasynyň Almaty şäherinde geçirilen «Bosgunlaryň meselesi boýunça Bütindünýa Forumyna sebitleýin taýýarlyk tegelek stol maslahatyna» gatnaşdylar. Duşuşygyň dowamynda sebitdäki bosgunlara we raýatlygy bolmadyk adamlara goldawy güýçlendirmek işi bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem Bosgunlaryň meselesi boýunça Bütindünýa Forumynyň çäklerinde migrasiýa babatda öňdebaryjy tejribeleri bilen tanşylyp, bu ugurdaky alnyp barylýan gatnaşyklarynyň geljegi we mümkinçilikleri barada özara pikir alyşyldy.

https://turkmenistan.gov.tm/tk/habar/71770/bosgunlary-goldamak-boyunca-tagallalary-guyclendirmek-meseleleri-ara-alnyp-maslahatlasyldy