«Arkadag» futbol topary Türkmenistanyň çempionatynda birinji orna dolandy

«Arkadag» futbol toparynyň oýunçylary 5-nji tapgyrda myhmançylykda «Aşgabady» 4:2 hasabynda utup, ýokary liganyň toparlarynyň arasynda Türkmenistanyň çempionatynda birinji orna dolandy.
Duşuşyk köpugurly «Aşgabat» stadionyň merkezi meýdançasynda geçirildi.
Paýtagtdan 30 km uzaklykda gurulýan döwlet derejeli şähere wekilçilik edýän, milli çempionatda ilkinji gezek çykyş edýän topardan Resul Hojaýew 10-njy minutda hasaby açdy. 35-nji minutda Röwşen Baýlyýew hasaby deňledi - 1:1. Arakesmä çykylmazdan öň oýnuň birinji ýarymyna berlen goşmaça wagtda geçen ýylky çempionatyň iň köp pökgi geçiren oýunçysy Didar Durdyýew «Arkadagy» öňe çykardy - 2:1.
52-nji minutda Söhbet Allanurowyň oýundan çykarylmagy sebäpli «Aşgabadyň» oýunçysy azaldy, onuň oýnuň düzgünini bozandygy üçin bellenilen 11 metrlik jerime urgusyny dürs uran Arslanmyrat Amanow 53-nji minutda hasaby 3:1 etdi. Şondan 4 minutdan soň Begmyradow Baýow «Arkadagyň» artykmaçlygyny 4:1-e ýetirdi. 69-njy minutda Agajan Altyýew ýene bir pökgi geçirse-de, ondan artyk netijä «Aşgabadyň» güýji ýetmedi.
Bassyr dört ýeňiş gazanan «Arkadag» 12 utuk bilen birinji orunda barýar. Balkanabadyň «Nebitçsiniň» we paýtagtymyzyň bir oýun artyk oýnan «Köpetdagynyň» ondan 2 utugy az.
5-nji tapgyrda «Nebitçi» öz meýdançasynda Marynyň «Energetiginden» 3:0 hasabynda üstün çykyp, üçünji ýeňşini gazandy.
Myhmanlar tutuş birinji ýarymda diýen ýaly garşydaşynyň hüjümlerinden başarnykly gorandylar. 45-nji minutda iki sary kartoçka üçin Begenç Alamowyň meýdançadan çykarylmagy sebäpli «Energetik» azlykda oýnamaly boldy. Arakesmeden öň goşmaça berlen wagtyň ikinji minutynda Daýanç Orazgylyjow «Nebitçini» öňe çykardy - 1:0. Duşuşygyň ikinji ýarymynda Serdar Tükiýew (52-nji minut) we Döwran Berdýew (89-njy) milli çempionatyň yzda barýan toparlarynyň biriniň derwezesine ýene iki pökgi geçirip, toparyna ýeňiş getirdiler.
Wise-çempion «Altyn asyr» «Nebitçi» we «Köpetdagdan» 2 utuk yzda. «Aşgabat» 6 utuk bilen bäşinji orunda. Häzirki çempion «Ahal», «Energetik», «Merw» we Türkmenbaşynyň «Şagadamy» hersi 3utuk toplap, ýaryşda soňky orunlarda barýarlar.
Iň köp pökgi geçirenleriň arasynda bäş tapgyrdan soň Didar Durdyýew («Arkadag») 5 pökgi bilen öňde barýar. Myrat Annaýew ondan («Altyn asyr») 1 pökgi az geçirdi. Hersi üç top geçiren Wahit Orazsähedow («Altyn asyr») we Daýanç Orazgulyýew («Nebiçi») hem bombardirleriň arasynda.
Türkmenistanyň futbol boýunça çempionatynyň 6-njy tapgyry 12-nji maýda «Merw» - «Köpetdag», «Ahal» - «Aşgabat» we «Altyn asyr» - «Şagadam» toparlarynyň oýny bilen başlap, 13-nji maýda «Arkadagdyr» «Nebitçiniň» duşuşygy bilenem tamamlanar.
https://www.turkmenistan.gov.tm/tk/habar/72146/arkadag-futbol-topary-turkmenistanyn-cempionatynda-birinji-orna-dolandy