Ermenistanyň Milli Ylymlar Akademiýasynyň A.Nazarow adyndaky Geofizika we inžener seýsmologiýasy institutynyň direktory bilen duşuşyk

photo

2023-nji ýylyň 13-nji iýunynda Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Muhammetgeldi Aýazow Ermenistanyň Milli Ylymlar Akademiýasynyň A.Nazarow adyndaky Geofizika we inžener seýsmologiýasy institutynyň direktory Jon Karapetýany kabul etdi.

Duşuşygyň dowamynda gürrüňdeşler bu ugurda iki döwletiň arasyndaky alnyp barylýan işjeň hyzmatdaşlyk barada durup geçdiler. Şol sanda Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň Seýsmologiýa we atmosferanyň fizikasy instituty bilen Ermenistanyň Milli Ylymlar Akademiýasynyň A.Nazarow adyndaky Geofizika we inžener seýsmologiýasy institutynyň arasynda ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşygyň çäklerinde amala aşyrylýan iki döwletiň alymlarynyň arasynda geçirilýän duşuşyklary, olaryň dürli halkara çärelerine gatnaşmagyny, seýsmologiki derňewleriň çäklerinde tejribe alyşmagy belläp geçdiler.

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga esasy gyzyklanmanyň iki tarapyň ylmy-barlag işleriniň maksatlarynyň deň gelmegi, geofizika çygrynda, seýsmiki howpa baha bermekde, seýsmiki howplaryň we töwekgelçilikleriň kartasyny döretmekde, şeýle hem häzirki zaman enjamlaryndan peýdalanmak bilen täze usullary işläp taýýarlamakda seýsmologlaryň öňünde durýan meseleleriň meňzeşligi bilen düşündirip boljakdygy bellenildi.

Duşuşygyň ahyrynda Ilçi M.Aýazow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler Ministri R.Meredowyň adyndan J.Karapetýana täze şäher gurluşyk taslamasynyň – häzirkizaman Arkadag şäheriniň dabaraly açylyşyna gatnaşmak üçin çakylyk hatyny gowşurdy.