Ermenistan Respublikasynyň Şäher gurluşyk boýunça komitetinde duşuşyk

2023-nji ýylyň 15-nji iýunynda Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Muhammetgeldi Aýazow Ermenistan Respublikasynyň Şäher gurluşyk boýunça komitetiniň başlygy Armen Gularýany kabul etdi
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň we Ermenistanyň şäher gurluşygy boýunça gyzykly gürrüňdeşlik bolup geçdi. Şeýle hem taraplar iki döwletiň binagärlik-gurluşyk boýunça ýokary okuw mekdepleriniň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmagy ara alyp maslahatlaşdylar.
Ilçi Aýazow Türkmenistanda ýokary amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň, dürli maksatly täze desgalaryň gurluşygynyň ýokary depginlerde alnyp barylýandygyny, şeýle hem häzirkizaman Arkadag şäheri barada aýdyp geçdi.
Duşuşygyň ahyrynda Ilçi M.Aýazow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler Ministri R.Meredowyň adyndan A.Gularýana täze şäher gurluşyk taslamasynyň – häzirkizaman Arkadag şäheriniň dabaraly açylyşyna gatnaşmak üçin çakylyk hatyny gowşurdy. Çakylyk haty uly minnetdarlyk bilen kabul edildi.