Wengriýada geçirilen Dünýä kubogy ugrundaky ýaryşda Türkmenistanyň kikboksçylary 10 medal gazandy

photo

Türkmenistanyň topary Budapeştde tamamlanan kikboks boýunça 28-nji dünýä çempionatynda on medal gazandy. Kikboksing boýunça guramalaryň bütindünýä assosiasiýasynyň (WAKO) howandarlygynda geçirilen bu ýaryşa 41 ýurtdan 2000-den gowrak türgen gatnaşdy.

Maksatnamanyň ähli görnüşleriniň netijeleri boýunça, türkmenistanly türgenler üç altyn, bir kümüş we alty bürünç medal gazandylar.

Türkmenistanyň ýygyndy toparyndan Atajan Atamyradow (agramy 54 kg çenli), Hajymyrat Geldimämmedow (86 kg çenli) we Said Fakirow (91 kg çenli) dagy ýokary derejeli baýrak aldylar.

Kümüş medala Muhammetnazar Gurbannazarow (60 kg çenli), bürünç medala bolsa Eziz Meredow (51 kg çenli), Pygy Sylabow (60 kg çenli), Mekan Begmämmedow (67 kg çenli), Goçmyrat Jumanyýazow (75 kg çenli), Serdar Mämmedow (86 kg çenli) we Gülzada Jorakulyýewa (65 kg çenli) dagy mynasyp boldular.

https://turkmenistan.gov.tm/tk/habar/73422/wengriyada-gecirilen-dunya-kubogy-ugrundaky-yarysda-turkmenistanyn-kikbokscylary-10-medal-gazandy

Topar sanawynda Türkmenistanyň ýygyndy topary üç altyn, bir kümüş we alty bürünç medal bilen 25-nji orny eýeledi. Ilkinji üçlügiň düzümi şeýle: Wengriýa (61 altyn, 56 kümüş, 81 bürünç), Ukraina (45 altyn, 42 kümüş, 51 bürünç), Beýik Britaniýa (39 altyn, 16 kümüş, 31 bürünç).

Wengriýada geçen Dünýä kubogyna biziň kikboksçylarymyz Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Aleksandr Snagowskiniň ýolbaşçylygynda taýýarlyk gördüler.