img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
ERMENISTAN RESPUBLIKASY - ÝEREWAN
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türkmenistan umumy gan barlagy üçin barlaghana reagentleriň toplumyny satyn aldy

photo

Türkmenistan umumy gan barlagy üçin barlaghana reagentleriniň bir toplumyny satyn aldy. Bu reagentler Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň çäginde satyn alyndy.

Olar Türkmenistanda esasy barlaghana hyzmatlary ulgamyny has-da berkitmek maksady bilen merkezi we welaýat barlaghanalaryna paýlanar.

Esasy barlaghana hyzmatlary dürli keselleri anyklamak we bejermek üçin zerurdyr. Bu bolsa şeýle hyzmatlaryň Türkmenistanyň tutuş ilatyna, şol sanda oba ýerleriniň jemgyýetlerine-de elýeterli bolmagyny üpjün eder.

https://turkmenistan.gov.tm/tk/habar/73420/turkmenistan-umumy-gan-barlagy-ucin-barlaghana-reagentlerin-toplumyny-satyn-aldy