Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynda ulag pudagyndaky başlangyçlary bilen çykyş eder

Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 12-nji sentýabrda Nýu-Yorkda açyljak 78-nji sessiýasynda ulag pudagynda birnäçe wajyp başlangyçlary öňe sürer.
Bu barada ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň web-saýtynda ýerleşdirilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda Türkmenistanyň ileri tutýan wezipelerinde aýdylýar.
Şeýlelikde, Aşgabat BMG-niň Baş Assambleýasynyň
Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasynda arabaglanyşygy berkitmek» baradaky Kararnamanyň taslamasyny taýýarlamak başlangyjy bilen çykyş eder.
Türkmenistan, şeýle hem, BMG-niň Ykdysady we durmuş meseleleri boýunça departamenti bilen bilelikde 26-njy noýabryň Bütindünýä durnukly ulag güni diýlip yglan edilmegi mynasybetli Aşgabat prosessiniň çäklerinde Baş Assambleýanyň durnukly ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça Ýokary derejeli mejlisini geçirmek barada teklip bilen çykyş eder.
Mundan başga-da, ýurdumyz Durnukly ulag boýunça dostlar toparynyň ýokary derejedäki birinji duşuşygyny geçirmek teklibi bilen çykyş eder.
BMG-niň 2024-nji ýylda Kigali (Ruanda) şäherinde geçirjek deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji konferensiýasyna taýýarlyk işleriniň çäginde Türkmenistan 2024-nji ýylda Aşgabatda taýýarlyk mejlisini geçirmäge taýýardyr.
Şunda Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Bütindünýä ulag hyzmatdaşlygyny ösdürmekde we berkitmekde deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ähmiýetini artdyrmak» baradaky Kararnamanyň taslamasyny işläp düzmek we BMG-de deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň bähbitlerini öňe sürmek boýunça ýörite iş toparyny döretmek boýunça işi dowam etdirer.
https://turkmenistan.gov.tm/tk/habar/74576/turkmenistan-bmg-nin-bas-assambleyasynda-ulag-pudagyndaky-baslangyclary-bilen-cykys-eder