Halkara kuraş assosiasiýasynyň wekiliýetiniň Türkmenistana sapary bolar

Awgust aýynyň 8-10-y aralygynda Halkara kuraş assosiasiýasynyň (IKA) wekiliýeti 2023-nji ýylyň 23 – 28-nji noýabrynda Aşgabatda geçiriljek guşak göreşi boýunça 14-nji dünýä çempionatyna görlen taýýarlyk bilen tanyşmak üçin Türkmenistana geler.
Halkara kuraş assosiasiýasy 1998-nji ýylyň 6-njy sentýabrynda döredildi. Häzirki wagtda bu sport guramasy öz düzümine Aziýa (32), Afrika (22), Ýewropa (33), Demirgazyk we Günorta Amerika (22) we Okeaniýa (9) ýaly jemi 118 milli federasiýany birleşdirýär.
«AA»-nyň habarçysyna Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetinde aýdylyşyna görä, IKA-nyň wekiliýetine Halkara kuraş assosiasiýasynyň Baş sekretary we tehniki direktory Mohämmäd Reza Nassiri Nejat (Eýran) ýolbaşçylyk eder. Onuň bilen bilelikde Aşgabat şäherine IKA-nyň eminler komitetiniň başlygy Rawi Kapur (Hindistan) we Halkara kuraş assosiasiýasynyň dolandyryş guramasynyň ýolbaşçysy Mansur Mirzaýew (Özbegistan) dagy hem geler.
Paýtagtymyzda myhmanlar Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, Milli olimpiýa komitetiniň we Kuraş göreşi federasiýasynyň wekilleri bilen duşuşarlar, şeýle hem söweş sungatlary toplumynda dünýä çempionaty geçiriljek Olimpiýa şäherçesine baryp görerler we ony geçirmegiň şertleri bilen tanşarlar.
Türkmenistan abraýly halkara ýaryşyny ilkinji gezek geçirmeýär. 2017-nji ýylda paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesinde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary, 2018-nji ýylda agyr atletika boýunça dünýä çempionaty we «Amul – Hazar – 2018» halkara awtoralli geçirildi.
Şu ýylyň iýun aýynda paýtagtymyzda eýýäm ikinji gezek 12 ýaşa çenli oglan-gyzlaryň arasynda Merkezi Aziýa toparlaýyn tennis çempionatynyň geçirilen ýeri boldy, bu ýaryşda alty ýurtly: owganystanly, gazagystanly, gyrgyzystanly, özbegistanly, täjigistanly we türkmenistanly ýaş türgenler iň güýçli diýen at ugrunda güýç synanyşdylar.
Indi bolsa Aşgabat dünýä derejesindäki ýene bir uly ýaryşy geçirmäge taýýarlanýar. Kuraş boýunça dünýä çempionatyny ýokary derejede geçirmek üçin, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 12-nji iýulda degişli Karara gol çekmek bilen, Guramaçylyk komitetini döretdi we onuň düzümini tassyklady.
Geçen ýyl Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň Hindistanyň Puna şäherinde geçirilendigini ýatladýarys, baýraklar ugrunda 60 ýurduň türgenleri bäsleşdi. Oňa Türkmenistandan 13 pälwan (7 erkek we 6 aýal) gatnaşyp, üçüsi medal bilen dolanyp geldiler.
Türkmenistanyň toparynda 48 kilograma çenli agram derejesinde kümüş medaly Lebap welaýatynyň Baş bedenterbiýe we sport müdirliginiň 2-nji sport mekdebiniň tälimçi-mugallymy Aýşirin Haýdarowa gazandy, bürünç medallara bolsa Lebap welaýatynyň 7-nji sport mekdebiniň tälimçi-mugallymy Aýnur Amanowa (52 kg çenli) we Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Aziza Kurbanowa (78 kg çenli) dagy mynasyp boldular.
«AA»-nyň habarçysy
https://turkmenistan.gov.tm/tk/habar/74579/halkara-kuras-assosiasiyasynyn-wekiliyeti-turkmenistana-sapary-bolar