Ilçi M.Aýazow bilen Komitas adyndaky Ýerewan döwlet konserwatoriýasynyň rektory S.Ogannisýanyň arasynda geçirilen duşuşyk barada

photo

2023-nji ýylyň 18-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi M.Aýazow bilen Komitas adyndaky Ýerewan döwlet konserwatoriýasynyň rektory Sona Ogannisýanyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň başynda taraplar iki ýurduň konserwatoriýalarynyň mugallymlarynyň we talyplarynyň tejribe alyşmagy bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Ilçi ermeni talyplarynyň ýerine ýetirmekleri üçin rektora N.Halmämmedowyň, W.Muhadowyň we beýleki meşhur türkmen kompozitorlarynyň eserlerini gowşurdy. 

Taraplar iki ýurduň konserwatoriýalarynyň arasynda bilelikde çäreleri gurnamagy, şol bir wagtda Türkmenistanda we Ermenistanda geçirilýän sazçylyk sungaty boýunça ylmy maslahatlara gatnaşmagy, bilelikdäki ylmy makalalaryň üstünde işlemegi ylalaşdylar.