Eýranyň Daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşyk barada
2023-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Türkmenistanyň daşary syýasy edarasynyň binasynda Daşary işler ministri Raşid Meredowyň we “Dialog - parahatçylygyň kepili” atly halkara maslahatynyň işine gatnaşmak üçin Aşgabat şäherine gelen Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Reza Najafiniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşykda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşi bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumynda pikir alyşmalar boldy.
Taraplar iki dostlukly ýurduň arasynda netijeli we ynamly syýasy gepleşikleri pugtalandyrmakda iň ýokary derejedäki saparlaryň we duşuşyklaryň möhümdigini bellediler.
Söwda we ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň çäklerinde gaz pudagynda, elektrik energiýasy pudagynda we ulag hyzmatdaşlygyna üns berildi.
Şu nukdaýnazardan, şu ýylyň noýabr aýynda Aşgabatda söwda-ykdysady çäreleriň we duşuşyklaryň toplumyny geçirmegiň ähmiýeti nygtaldy.
Türkmen-Eýran gatnaşyklarynyň esasy ugurlaryndan biri, iki halkyň umumy taryhy, medeni we ruhy däplerine esaslanýan medeni we ynsanperwer hyzmatdaşlykdyr. Şunuň bilen baglylykda, medeni we ynsanperwer gatnaşyklary hasam giňeltmegiň zerurlygy bellendi.