Türkmenistan täze — 2024-nji ýyly jebislikde, ýagşy arzuwlar bilen garşylady

Hemmelere bagt we şatlyk, ýagşy umyt-arzuwlary eçilýän, köp garaşdyran Täze ýyl baýramy ýetip geldi. Şu pursatlarda ýurdumyzyň ýene bir geçen döwrüniň jemleri jemlenilýär hem-de geljek üçin anyk meýilnamalar düzülýär. Tutuş Diýarymyz baýramçylyk keşbine girýär, Watanymyzyň her bir künjeginde ýokary ruhubelentlik ýagdaýy emele gelýär.

Şu günler türkmen paýtagty has-da gözel görnüşe girip, kalbyňy joşdurýan aýratyn öwüşginler bilen haýran galdyrýar. Munuň özi tebigy ýagdaýdyr. Her bir täze gün döwlet Baştutanymyzyň üstünlikli durmuşa geçirýän içeri we daşary syýasatynyň dabaralanýandygynyň, Türkmenistanyň ösüşiň belentliklerine tarap ynamly öňe barýandygynyň aýdyň güwäsidir.

Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatyny tüýs ýürekden goldap, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň belent maksatlaryna ýetmek ugrunda türkmenistanlylaryň millionlarçasy Watanymyzyň röwşen geljeginiň ygtybarly binýadyny gurmak işine gatnaşýar. Türkmenistanyň ähli babatda okgunly ösüşi, dünýä giňişliginde eýeleýän mynasyp orny, maksada okgunly parahatçylyk söýüjilikli syýasaty ýurdumyzyň halkara derejedäki abraýyny has-da berkitdi.

Şu ýylyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň daşary ýurtlaryň döwlet we hökümet Baştutanlary, iri halkara guramalaryň ýolbaşçylary, görnükli syýasatçylar, işewürler toparlarynyň wekilleri bilen duşuşyklaryň we gepleşikleriň tutuş tapgyryny geçirendigini bellemek gerek. Olaryň dowamynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi hem-de Türkmenistanyň sebit boýunça goňşy döwletler, dünýäniň beýleki ýurtlary bilen oňyn halkara gatnaşyklaryny, özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmekde täze eýýamy açýan möhüm ylalaşyklar gazanyldy. Hormatly Prezidentimiziň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda halkara parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmäge, durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen ählumumy, sebitara ähmiýetli öňe süren täze başlangyçlary Türkmenistanyň oňyn daşary syýasat ugrunyň üýtgewsizdiginiň aýdyň beýany boldy.

Türkmenistan Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin zerur tagallalary edýär, energetika howpsuzlygy, durnukly ulag ulgamy, howanyň üýtgemegi we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýär. Ýurdumyz tarapyndan durmuşa geçirilýän çäreler dünýä döwletleriniň hem-de iri halkara guramalaryň giň goldawyna eýe bolýar. Şu ýyl BMG-niň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň başlangyjy boýunça «Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny», «Bütindünýä durnukly ulag güni», «Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa birikmesiniň esasy orny» hem-de «Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Kararnamalary biragyzdan kabul etdi, şeýle-de döwletimiziň dört sany dürli halkara guramanyň düzümine saýlanylmagyny goldady.

BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) bilen däp bolan dialog işjeň ösüşe eýe boldy. Ýurdumyzyň «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» atly hödürnamasy ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Mundan başga-da, Türkmenistanyň Özbegistan we Täjigistan Respublikalary bilen bilelikde ÝUNESKO-nyň garamagyna hödürlän «Beýik Ýüpek ýoly: Zarawşan — Garagum geçelgesi», Gazagystan we Özbegistan Respublikalary bilen hödürlän «Aram guşaklykdaky Turan çölleri» atly köptaraplaýyn hödürnamalary bu guramanyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşuldy. Bularyň ählisi Türkmenistanyň dünýä giňişligindäki belent abraýynyň beýany bolmak bilen, döwletimiziň daşary syýasat ugrunyň halkara bileleşik tarapyndan barha giň goldawa eýe bolýandygynyň güwäsidir.

29-njy dekabrda döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde: «Döwlet adam üçindir!», «Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen syýasatymyz üstünlikli durmuşa geçirilýär» diýip belledi. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly hökmünde Türkmenistanyň iň täze taryhyna giren şu ýyl halkara we içeri syýasy ähmiýetli ýatdan çykmajak wakalara beslendi. Bu wakalar döwletimiziň durmuş-ykdysady we ruhy ösüşiniň dürli ugurlaryny öz içine alýar.

Geçip barýan ýyl hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ady bilen aýrylmaz baglanyşykly uly zähmet ýeňişlerine we asylly başlangyçlara beslendi. Milli maksatnamalar, iri halkara, sebit taslamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. 2023-nji ýylyň iýun aýynda Arkadag şäheriniň açylmagy şol taslamalaryň hatarynda möhüm orun eýeledi. Bu şähere kanunçylyk esasynda aýratyn hukuk derejesi — döwlet ähmiýetli şäher derejesi berildi. Merkezi Aziýa sebitinde deňi-taýy bolmadyk bu döwrebap “akylly” şäher taslamasynyň durmuşa geçirilmegi iri möçberli taslamalary üstünlikli amala aşyrýan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň ykdysady kuwwatynyň aýdyň subutnamasy boldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen bina edilen “smart-siti” özünde döwrebap IT-tehnologiýalary, özboluşly binagärlik çözgütlerini, şäher gurluşygynyň öňdebaryjy tejribesi bilen milli binagärligiň sazlaşykly utgaşmasyny özünde jemleýär. Mälim bolşy ýaly, bu ägirt uly taslamany iki tapgyrda durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär. Gurluşygyň tamamlanan birinji tapgyrynyň çäklerinde durmuş-medeni we beýleki maksatly desgalaryň 336-sy bina edildi. Täze şäheriň abraýly halkara düzümleriň we guramalaryň sylaglarynyň 20-den gowragyna mynasyp bolmagy onuň dünýäniň häzirki zaman şäher gurluşygynyň ajaýyp nusgalarynyň biri diýip ykrar edilmeginiň, şeýle hem döwletimiz tarapyndan halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegi baradaky aladanyň aýdyň beýanydyr.

Gün-günden gözelleşýän ak mermerli paýtagtymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň özboluşly nyşanyna öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Aşgabat şäheri “Dizaýn” ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizildi. 2023-nji ýylda ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlaryny hem-de zerur infrastrukturaly şäherçeleri gurmak boýunça giň möçberli taslamalar amala aşyryldy, ýurdumyzda onlarça täze mekdepler, çagalar baglary, medeniýet öýleri, iň täze tehnologiýalar bilen üpjün edilen lukmançylyk edaralary, senagat desgalary açylyp ulanmaga berildi. Iri taslamalaryň hatarynda Aşgabat — Türkmenabat we Aşgabat — Türkmenbaşy ýokary tizlikli awtomobil ýollarynyň, Arkadag şäherindäki hem-de paýtagtymyzdaky desgalaryň gurluşygyny görkezmek bolar. Ägirt uly sebit we halkara ähmiýetli taslamalaryň, ilkinji nobatda, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň taslamalaryny durmuşa geçirmek işi dowam etdirildi.

2023-nji ýylda ykdysadyýetde, ylym we bilim, saglygy goraýyş, durmuş üpjünçiligi ulgamlarynda, oba hojalyk, ýangyç-energetika, gurluşyk toplumlarynda, ulag-kommunikasiýa, medeniýet ulgamlarynda uly üstünlikler gazanyldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary netijesinde ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşy gysga wagtyň içinde düýpli özgerdi. Konstitusiýa we milli kanunçylyk yzygiderli kämilleşdirildi. Mundan başga-da, şanly wakalara beslenen şu ýylda döwleti dolandyrmagyň demokratik, adalatly jemgyýeti gurmagyň köpasyrlyk milli däbine esaslanyp, halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasy — Türkmenistanyň Halk Maslahaty döredildi, Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň, Geňeş agzalarynyň saýlawlary geçirildi. Munuň özi biziň demokratik, hukuk, dünýewi döwletimiziň esaslaryny pugtalandyrmagyň ýolunda nobatdaky ädim boldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň bagtyýar häzirki güni we röwşen geljegi bolan ýaşlaryň mynasyp durmuşyny üpjün etmek boýunça türkmen halkynyň Milli Lideriniň asylly başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýär. Ýaş türkmenistanlylaryň gatnaşmagynda şu ýylyň dowamynda geçirilen milli we halkara derejedäki çäreler ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda möhüm wakalara öwrüldi. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy ÝUNESKO-nyň Bütindünýä ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edildi. Mary şäherinde «Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy» ady bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ýaşlarynyň forumy ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi. Munuň özi halkara derejede ýaşlar hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek üçin täze mümkinçilikleriň döredilýändiginiň aýdyň görkezijisidir.

Tamamlanyp barýan 2023-nji ýylyň ýene-de bir möhüm waka beslenendigini bellemek gerek. Şu ýylyň soňky günlerinde döwlet Baştutanymyz türkmen halkyna “Ýaşlar — Watanyň daýanjy” atly ajaýyp eserini peşgeş berdi. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda bu kitabyň neşir edilmegi uly ähmiýete eýe boldy. Sebäbi bu eserde ýaş nesliň wekilleriniň jemgyýetimiziň durmuşyndaky eýeleýän ornuna mynasyp baha berilýär.

Täze — 2024-nji ýyl hormatly Prezidentimiz tarapyndan makullanan “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly şygary astynda geçer. Bu şygar Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan dörän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgusyndan hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň wekillerinden, ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik birleşiklerinden, zähmet toparlaryndan we raýatlarymyzdan gelip gowşan köp sanly tekliplerden ugur alnyp, öňe sürüldi. 2024-nji ýylda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň bellenilmegi bilen baglylykda, bu şygar aýratyn mana eýedir.

Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan 2024-nji ýylyň «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmegi, şeýle hem şahyryň golýazmalar toplumynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi beýik söz ussadynyň döredijiliginiň umumadamzat gymatlygydygyna doly şaýatlyk edýär. Mundan başga-da Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly seneleriň sanawyna goşuldy. Türkmenistanyň bu başlangyjy ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň şu ýylyň maý aýynda Parižde geçirilen mejlisinde makullanyldy. Bu çözgüt diňe bir beýik nusgawy şahyryň döredijiligini ýaýmaga ýardam bermek bilen çäklenmän, eýsem, Türkmenistanyň medeni diplomatiýasyny dünýä derejesinde ilerletmäge-de mümkinçilik berer. Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýi barada şu ýylyň sentýabr aýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda döwlet Baştutanymyzyň eden çykyşynda hem durlup geçildi.

...Ine, şeýle ýagdaýda biz ajaýyp Täze ýyl baýramyny garşylaýarys. Bu baýram ýurdumyzyň taryhynda özygtyýarly ösüşiň ýolundaky täze sahypany açar. Türkmenistanda Täze ýyl dabaralaryna hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hut özüniň badalga berendigini bellemek gerek. Döwlet Baştutanymyz ýaş türkmenistanlylar bilen “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada Baş arçanyň ýanynda geçirilen dabara gatnaşdy.

Bu gün dürli reňkli yşyklar bilen ýalkym saçýan ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanynda paýtagtymyzyň köp sanly ýaşaýjylary we myhmanlary ýygnandylar. Depesinde sekizburçly ýyldyz, «2024» ýazgy ýerleşdirilen Baş arçanyň beýikligi 44 metre, ini bolsa 16 metre deňdir. Döwrebap aragatnaşyk serişdeleriniň kömegi bilen teleköpri arkaly bu dabara ýurdumyzyň ähli bäş welaýatynyň ýaşaýjylary gatnaşdylar. Baýramçylyk äheňinde bezelen “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň açyk sahna meýdançasynda bu agşam aýdym-sazlar, goşgular belentden ýaňlanýar, tanslar ýerine ýetirilýär. Çagalar döredijilik toparlary, folklor toparlary, meşhur estrada artistleri öz ussatlyklaryny görkezýärler. Dabarany alyp baryjylar ähli ildeşlerimiziň adyndan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy hem-de Gahryman Arkadagymyzy “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” şygary astynda geçjek täze ýyl bilen gutlap, berk jan saglyk, uzak we bagtyýar ömür, Watanymyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň rowaçlygynyň bähbidine alyp barýan giň gerimli işlerinde üstünlikleri arzuw edýärler.

Soňra alyp baryjylar paýtagtymyzy bu gije diňe bir welaýat merkezleri bilen däl, eýsem, Arkadag şäheri bilen hem baglanyşdyrýan baýramçylyk teleköprüsiniň başlanandygyny yglan edýärler. Göni aragatnaşyk ýurdumyzyň dürli sebitleriniň we Aşgabadyň ýaşaýjylaryny birleşdirdi, olar birek-birek bilen baýramçylyk şatlygyny paýlaşdylar. Şeýle hem bu gün Arkadag şäheriniň, welaýat merkezleriniň meýdançalarynda ýaş aýdymçylaryň we döredijilik toparlarynyň gatnaşmagynda Täze ýyl dabaralary ýaýbaňlandyryldy.

Hormatly ýaşulular, kümüş saçly eneler, häkimler, Arkadag şäheriniň we ähli welaýatlaryň hormata mynasyp ýaşaýjylary, elbetde, ýurdumyzyň ýaşajyk raýatlary döwlet Baştutanymyzy we ähli ildeşlerimizi Täze ýyl bilen gutlaýarlar. Ajaýyp aýdymlar belentden ýaňlanýar, şowhunly tanslar ýerine ýetirilýär. Täze ýyl teleköprüsini Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň paýtagty jemleýär. “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada ýygnanan Aşgabadyň ýaşaýjylary, ýurdumyzyň ýolbaşçy düzümi ähli ildeşlerimize rowaçlyk we bagtyýarlyk arzuw edýärler. Olara meşhur artistler, tans toparlary hem öz çykyşlary bilen goşulýarlar.

Dabarany alyp baryjylar Türkmenistanyň hemişe gülläp ösmegi, halkara abraýynyň ýylsaýyn belende galmagy, halkymyzyň parahatçylykda we agzybirlikde ýaşamagy, döredijilikli zähmet çekmegi baradaky arzuwlaryň Arkadag şäheriniň, welaýatlaryň we paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň Täze ýyl mynasybetli beýan eden arzuwlarynyň içinden eriş-argaç bolup geçýändigini bellediler. Ähli türkmenistanlylaryň adyndan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Watanymyz, halkymyz baradaky edýän aladasy üçin çäksiz hoşallyk bildirildi. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna beslenjek we “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” şygary bilen geçjek 2024-nji ýylda-da hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň öz şöhratly ýyl ýazgysyny täze üstünlikler bilen dowam etdirjekdigi şübhesizdir.

Teleköpriniň dowamynda esasy pursat ýetip gelýär: hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow göni ýaýlymda Türkmenistanyň halkyna Täze ýyl Gutlagy bilen çykyş edýär.

Paýtagtymyzda, Arkadag şäherinde hem-de welaýatlarda dabara gatnaşyjylar, millionlarça teletomaşaçylar döwlet Baştutanymyzyň çykyşyny uly üns bilen diňleýärler. Bu dabaraly pursatlarda ähli türkmenistanlylary Watana bolan ägirt uly buýsanç duýgusy birleşdirýär. Döwlet Baştutanymyz ildeşlerimizi Gündogar müçenamasy boýunça luw ýyly hasaplanýan 2024-nji ýyl bilen mähirli gutlap, geçip barýan ýylda Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň täze taryhynda giň gerimli özgertmeleriň amala aşyrylandygyny belledi.

Birnäçe pursatdan sagadyň dilleri 12-ni görkezdi. Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar.

Soňra baýramçylyk feýerwerki öwşün atdy. Täze — 2024-nji ýyl baýramçylyk şüweleňiniň ajaýyp pursatlary bilen durmuşymyza gadam basdy. Goý, Täze ýylda biziň ähli arzuwlarymyz hasyl bolsun! Parahat we asuda durmuşyň şatlygy, täze gözýetimleri, mümkinçilikleri açýan ertirki güne ynam hemmämize ýaran bolsun!

https://www.turkmenistan.gov.tm/tk/habar/78966/turkmenistan-taze-2024-nji-yyly-jebislikde-yagsy-arzuwlar-bilen-garsylady