BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasynyň sebit merkeziniň ýolbaşçysy bilen duşuşygy barada
2024-nji ýylyň 16-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasynyň sebit merkeziniň (UNRCCA) ýolbaşçysy Kaha Imnadze bilen duşuşdy.
Duşuşygyň dowamynda M.Bäşimowa K.Imnadzeni jogapkär wezipä bellenmegi bilen gutlady hem-de hyzmatdaşlygy we parahatçylygy berkitmek, şeýle hem ýurtlaryň arasynda özara düşünişmegi saklamak meselesindäki merkeziň tutuş sebit boýunça alyp barýan işleriniň ähmiýetini aýratyn belläp geçdi.
Türkmenistanyň “Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy”, BMG-niň Terrorçylyga garşy göreş gullugy ýaly köptaraplaýyn diplomatiýanyň mehanizmleri bilen işlemek boýunça başlangyçlaryny işjeňleşdirmek we öňe sürmekde BMG-niň Aşgabatdaky sebit merkeziniň ornuny artdyrmaga hem-de howpsuzlyk, bilim we hökümet işgärlerini beýan edildi.
Taraplar BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisiniň çäginde öňe sürlen Türkmenistanyň başlangyçlaryny durmuşa geçirmäge gyzyklanma bildirdiler. Bu nukdaýnazardan, ählumumy gün tertibindäki möhüm meseleleri çözmekde Türkmenistanyň toplumlaýyn çemeleşmesiniň we durmuşa geçirilmegine goşýan goşandynyň ähmiýeti bellenildi.
Diplomatlar ýakyn wagtda meýilleşdirilýän bilelikdäki çäreleriň meýilnamasyny hem ara alyp maslahatlaşdylar.