Türkmenistanda Şweýsariýanyň ilçisi işe başladyTürkmenistanda Şweýsariýanyň ilçisi işe başlady

2024-nji ýylyň 22-nji ýanwarynda Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Tomas Şteliden ynanç hatyny kabul etdi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen tüýs ýürekden gutlap,  diplomatik işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Duşuşygyň dowamynda diplomat ýurdumyzyň daşary syýasaty bilen tanyşdyryldy. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň we Şweýsariýa Konfederasiýasynyň parahatçylygyň, ählumumy howpsuzlygyň, durnukly ösüşiň bähbitlerine gönükdirilen umumy garaýyşlary hem-de işjeň tagallalary ýurtlaryň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, ilkinji nobatda, iri halkara guramalaryň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlyk etmegini şertlendirdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan durmuş ugurly döwlet syýasatyna aýratyn üns çekildi.

Parlamentara gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylan aýratyn mesele boldy.

Duşuşygyň ahyrynda Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Tomas Şteli döwletara hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn giňeltmek, iki ýurduň halklarynyň arasynda däp bolan dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak babatda ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.