Türkmenistanyň Ilçisi Şri Lankanyň Prezidentine ynanç hatlaryny gowşurdy
2024-nji ýylyň 1-nji fewralynda Kolombo şäheriniň Prezident köşgünde Türkmenistanyň Şri Lanka Demokratik Sosialistik Respublikasyndaky (oturýan ýeri Nýu Deli ş.) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ş.Geldynazarow Şri Lankanyň Prezidenti Ranil Wikramasinghe ynanç hatlaryny gowşurdy.
Dabaranyň çäklerinde Ilçi Şri Lankanyň Prezidentine Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli salamlaryny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Öz gezeginde Şri Lankanyň Prezidenti Ranil Wikramasinghe Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna, şeýle hem ähli türkmen halkyna hoşniýetli we tüýs ýürekden çykýan arzuwlaryny aýtdy.
Gysga söhbetdeşligiň dowamynda döwletleriň ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge eýe bolan amatly mümkinçilikleriniň bardygy bellenildi. Bu babatynda Türkmenistanyň we Şri Lankanyň Merkezi Aziýa sebitinde dostlukly we ygtybarly hyzmatdaş hökmünde çykyş edýändigi hem nygtaldy.